Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany

26 Iýun 2024
31

Ynsan saglygynyň ähli zatdan ileri tutulýan ýurdy bolan Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesiniň has-da rowaçlanmagy ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny berjaý etmäge hem-de sporta we köpçülikleýin bedenterbiýä bolan höwes barha artýar, bu babatda alnyp barylýan işler rowaçlanýar. Adamlaryň saglygyny goramak, ömür dowamlylygyny artdyrmak, sporty ösdürmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrülýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, beden taýdan berk, sagdyn, ruhubelent ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tanalýan Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalar, sagaldyş we keselleri anyklaýyş merkezleri, şypahanalar, saglyk öýleri ulanmaga berilýär. Olarda edilýän ýokary derejeli hyzmatlar ýurdumyzda ynsan saglygyny goramaga uly üns berilýändigine kepil geçýär. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Gülälek ARAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bereket etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça hünärmeni.
Beýleki habarlar