Sahawatyň dünýä aýan, Arkadag!

26 Iýun 2024
45

Güneşli Diýarymyzda ýaş nesliň nurana geljegi baradaky alada halkymyzyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýar. Elbetde, bu asylly ýol-ýörelgäniň sakasy bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesle bolan mähir-muhabbetinden gözbaş alýar. «Halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadydyr» diýip belleýän Milli Liderimiz ýurdumyzyň ýagty geljegi ugrunda dünýä nusgalyk işleri alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesliň, esasan hem, çagalaryň bagtyýarlygy we saglygy ugrunda edýän taýsyz tagallalary olaryň ykballaryna sowulmajak bagty bagyşlaýar.

Bu hakykata biz — lukmanlar her gün iş pursadymyzda şaýat bolýarys. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň mart aýynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi birnäçe maşgalalary bagtyýarlyga besledi. Lukman Arkadagymyzyň adyny göterýän gaznanyň serişdeleriniň hasabyna çagalaryň saglygynyň dikeldilýändigine, olaryň hossarlarynyň bolsa mähriban Arkadagymyza alkyşlarynyň tükeniksizdigine her gün, her pursatda şaýat bolýarys. Çünki Milli Liderimiz howandarlyga mätäç çagalaryň arkasynda dag ýaly durup, körpelere we olaryň maşgalasyna saglyk, bagt paýlaýar. Bu gaznanyň hasabyna ýurdumyzda ýüzlerçe çagalara operasiýalar, ýokary derejeli bejeriş-sagaldyş işleri geçirildi. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň welaýatlaryndaky saglygy goraýyş edaralary, mekdep-internatlar we çagalar öýleri zerur bolan lukmançylyk enjamlary we «Tiz kömek» awtoulaglary bilen üpjün edildi.

Röwşen ROZYÝEW,
welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň baş lukmany.
Beýleki habarlar