Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Tebigat — biziň öýümiz

Tebigy ösümlikleriň ähmiýeti Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli pudaklar sazlaşykly ösýär. Bu özgerişleri biz gündelik durmuşymyzda duýýarys, görýäris. Türkmen tebigatyny aýawly saklamak barada tebigaty goramak ulgamynyň işgärleriniň öňünde uly hem wajyp wezipeler durýar. Öňde durýan wezipeleriň oňyn çözülmegi şu günki we geljek nesilleriň ekologiýa howpsuzlygynyň berjaý edilmegine alyp barýar.

Çüýşe görnüşli agaçlar

Brahihitonlar Ýer ýüzündäki ösümlikleriň bir görnüşidir. Brahihiton urugyna Awstraliýanyň we Täze Gwineýanyň subtropiki, tropiki howa şertlerinde ösýän, hemişe gök öwüsýän ýaprakly agaçlaryň hem-de gyrymsy agaçlaryň 30-a golaý görnüşi degişlidir. Brahihitonlaryň çygly hem-de gurak ýerlerde ösýän görnüşleriniň biri-de, çüýşe agaçlarydyr. Çüýşe agajynyň esasy sütüniniň gabygy galyň hem-de gaty, ýylmanak bolup, köplenç goýy ýaşyl reňkdedir. Onuň bu aýratynlygy gabygyna fotosintez hadysasyny geçirip, organiki maddalary sintezlemäge ýardam edýär. Bu aýratyn hem gurak ýerde ösýän görnüşleri üçin has-da ähmiýetlidir. Subtropiki ösümlikleriň köpüsi ýaly bular hem ýaz paslynyň başynda ýapraksyz ýagdaýda gülläp başlaýarlar. Gülleriniň reňki gülgüne reňkdedir. Ösüp çykan ýapraklarydyr gülleri ýaşyna baglylykda öz görnüşine eýe bolup başlaýar we tohumlary arkaly köpelýärler. Boýy 15 metre çenli bolup, ýogyn sütüniniň göwrümi 3 – 4 metr töweregidir.

Aýdym aýdýan guş

Islendik ynsany owazyna maýyl edýän sarybilbilleriň adamlar bilen ýaşap başlanyna 500 ýyldan gowrak wagt geçipdir. Onuň sesi tebigatda duş gelýän beýleki guşlardan düýpgöter üýtgeşikdir. Bu guşlaryň iň meşhur görnüşi «Gars rolleri» diýlip atlandyrylýar. Oňa köplenç Germaniýada duş gelmek bolýar. Ol ýakymly, ajaýyp jürküldeýän owazy bilen beýleki kowumdaşlaryndan düýpgöter tapawutlanýar. Häzirki wagtda sarybilbiliň dünýäde 120-den gowrak görnüşi bar. Bu guşlar her ýylda ornitologlar tarapyndan geçirilýän bäsleşiklerde öňdäki orunlary eýeleýärler. Guşlaryň bu görnüşiniň esasy aýratynlygy-da, olar edil totuguşlar ýaly adamlaryň gepleýän geplerini gaýtalamagy halaýarlar we üstünlikli ýerine ýetirip bilýärler. Sarybilbiliň owazy adamlaryň ruhy ýagdaýyna oňyn täsir edýär. Bu guşlar 15 ýyl ýaşaýarlar. Onuň tebigatda diňe bir sary reňkli görnüşleri bolman, goňur, gyzyl reňklilerine-de duş gelinýär. Guşuň bu görnüşini ýekelikde idetmek amatly hasaplanýar. Eger-de bir sany kapasada birnäçe guş saklanylsa, onda olar bir-birine gahar edip, saýramaýarlar.

Garagumuň sähra towşanlary

Garagum sährasynyň haýwanat dünýäsiniň jandarlarynyň biri-de, çöl towşanlarydyr. Towşan hakynda gürrüň edilende, «Towşana dogduk depe» diýen aýtgy ýadyňa düşýär. Bu ýöne ýere aýdylmandyr. Çünki towşan özüniň ýatýan ýeriniň töwereginde gezýär. Towşanlar gündizine ýatmak üçin 40 – 50 ädim aralykda töweregi oňat görner ýaly ýeri saýlaýarlar. Şol ýerdäki selin, ýowşan, sazak ýaly ösümlikleriň ýa-da könelen ojaryň töňňesiniň düýplerinden özüne ýeter ýaly çukurja ýer gazýarlar. Ony özleriniň reňkleriniň ak ýerlerini gizlär ýaly edip gazýarlar. Ýatanlarynda olaryň diňe arkasy görünýär. Şonuň üçin olary aňsat saýgaryp bolmaýar. Her towşan ortaça 1000 inedördül metr meýdanda ýaşaýar. Olar tutuş bir gijäniň dowamynda şol meýdanda gezim edip, otlaýarlar we ortaça 7 – 8 kilometr ýol geçýärler. Daň atandan soň, ýyrtyjylardan gizlenip, günuzyn şol bir ýerde ýatýarlar. Towşanlar örän ýokary tizlik bilen gaçmagy başarýarlar. Tilki, şagal, möjekler aňsat towşany kowup ýetip bilmeýärler. Olar ýyrtyjy haýwanlardan, wagşy guşlardan çöp-çalamlaryň arasynda gizlenip goranýarlar. Gum towşanlary Gün ýaşandan soň, gezime çykyp, gijäniň ýaryna çenli oňatja otlap, ýene-de hinine barýarlar. Towşanlar yzky we öň aýaklaryny deň hereket

Jerenleriň jamy — keýigokara

Keýigokara ýapragynyň düýbünde boz jerenleriň suw içýän «okarasyny» emele getirýän täsin otjumak ösümlikdir. Ol saýawanlylar maşgalasynyň çomuçlar toparyna degişlidir. Onuň tebigy okaralaryndan keýikler ýagyş suwuny içýärler. Şonuň üçin ol «keýigokara» ady bilen meşhurdyr. Keýigokara Diýarymyzda giňden ýaýrandyr. Onuň açyk sary güljagazlary gül saklaýjynyň ýokarsynda ýerleşip, saýawan gül toplumyna ýygnanandyr. Ösümlik aprel aýynda gülleýär, miwesi maý, iýun aýlarynda ýetişýär. Keýigokara efir ýaglaryny saklaýjy, hoşboý tagam beriji, dermanlyk hem iýmitlik köpýyllyk ösümlikdir. Gülli baldagynyň boýy 130—150 santimetrdir. Toprakdan ýokarky böleginiň gabarasy 95—100 santimetr töweregi, inçe baldagy 2-3 santimetr, togalak hem bir düýpden birnäçesi çykýar. Ondaky ownujak ýapraklarynda edil okara meňzeş gulajyklary emele gelýär.

Guşlar dünýäsinden

Oňurgalylaryň iň köp görnüşlisi we köpsanlysy bolan guşlar Ýer ýüzüniň ähli ýerinde giňden ýaýrandyr. Häzirki wagtda dünýäde guşlaryň 8 müň 600-den gowrak görnüşi bellidir. Olaryň sany Ýer ýüzi boýunça, takmynan, 100 milliarda barabardyr diýlip hasaplanylýar. Biziň ýurdumyzda hem guşlaryň 422 görnüşi hasaba alyndy. Guşlaryň beden temperaturasy 42-45 gradus, käbir görnüşlerinde 39 gradus bolýar. Olaryň ýüregi dört kameraly bolup, wena bilen arteriýa gany gatyşmaýar. Kelle beýnisiniň uly ýarymşarlary gabaraly bolup, esasan-da, duýujylygy — eşidiş we görüş agzalary ösendir. Guşlarda kislorod çalşygy öýkende bolup geçýär. Ýöne öýkendäki kislorod çalşygy guşlar dem alanda we goýberende howa haltalaryndaky howanyň hasabyna hem bolup geçýär. Oňa ikileýin dem alma diýilýär.

Gyzyl gandym — gumuň bezegi

Tomsuň jöwzasyna, gyşyň gazabyna garamazdan, çölde ösüp, çägäniň süýşmeginiň öňüni almakda möhüm hyzmaty ýerine ýetirýän, şeýle-de dürli haýwanlardyr guşlar üçin pena, dowarlar üçin bolsa iýmit bolup hyzmat edýän ösümlikleriň biri-de gyzyl gandymdyr. Ýörite habarçymyz Hudaýberen Palekeýew golaýda Repetek döwlet biosfera goraghanasynda bolup, Garagum sährasynyň bezegi bolan gyzyl gandym, onuň aýratynlyklary we çölüň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň bermegini haýyş edip, goraghananyň uly ylmy işgäri Nurmyrat Döwletowa ýüz tutdy. Şonda ol şeýle gürrüň berdi: — Goraghanamyzyň çäginde gandymyň alty görnüşi ösýär. Şolardan gyzyl gandym kyrkbogunlylar maşgalasyna degişli bolup, ol Garagum sährasynda bitýän, açyk ýaşyl reňkli, beýikligi 4 metre çenli ýetýän agaçdyr. Gandym mart aýynyň ortalaryna köpçülikleýin ösüp başlaýar we aprel aýynda gülleýär. Iýun-iýul aýlarynda bolsa olaryň tohumy taýýarlanylýar. Bu agaçlar ýagtylygy oňat görýärler. Olar yssa we gurakçylyga çydamly. Tohumyndan we öserinden gowy köpelýärler.

Tokaýlary ýangyndan goralyň!

Tokaýlar bizi ýaşaýyş üçin zerur bolan arassa howa bilen üpjün edýär, güýçli ýelleriň badyny gowşadýar, suw joşgunlaryndan goraýar. Şeýle-de tokaýlar gyşyna howanyň sowuklygyny, tomsuna bolsa gyzgynlygyny peseldýär. Biziň köpimiz tokaýlarda dynç almagy halaýarys. Ony goramak bolsa borjumyzdyr. Munuň üçin degişli kadalar işlenilip düzüldi. Daýhan birleşikleriniň çäklerindäki tokaýlara ýanaşyk ýerlerde oba hojalyk işleri amala aşyrylýar, mal bakylýar. Höwesjeň balykçylar derýada balyk tutýarlar, dynç alýarlar. Tokaýlaryň çäklerine giren adam ýangyn howpsuzlyk kadalaryny hökman ýerine ýetirmelidir. Zerurlyk ýüze çykanda, çaý gaýnatmak, nahar bişirmek üçin açyk ýerleri saýlap almaly. Ýanyp gutaran oduň közüni toprak bilen gömmeli ýa-da onuň üstüne içindäki közler sönüp gutarýança suw guýmaly.

Daragtlaryň seresi

Tebigatymyzyň görküne görk goşýan ýaşyl baglar dürli gülleriň hoşboý ysy bilen utgaşyp, göwünleri göterýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin ýakynda Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi bu babatda alnyp barylýan yzygiderli işleriň dünýäde goldaw tapýandygyna şaýatlyk edýär. Geçen ýylyň güýzki köpçülikleýin bag ekmek möwsümine badalga berlende, Magtymguly Pyragynyň 153 gektar meýdany eýeleýän medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde we töwereginde arça nahallarynyň 61 müň 200-den gowrak düýbi oturdyldy.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +24... +29 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +18... +23 gradus maýyl bolar.

Daşky gurşawy goramak mukaddes borçdur

Türkmen tebigatynyň gözelligi, onuň gül-gülälekli sähralary, müňýyllyklaryň şaýady bolup oturan daglary, çeşme-çaýlary, dürli dermanlyk otlarydyr ösümlikleri, haýwanat dünýäsi göreni haýrana goýýar. Ol gözellikleri synlap, kalbyň heýjana gelýär. Bu mukaddes toprakda ajaýyp zamanada ýaşap, zähmet çekýändigiňe buýsanjyň artýar. Tebigatyň baýlyklaryny goramak, ony aýawly saklamak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Ajaýyp tebigatymyzda, tokaý-seýilgäh zolaklarynda, daglardyr düzlüklerde, öri meýdanlarynda, köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegi we ýangynyň döremeginiň öňüni almak üçin şulary bilmek zerurdyr.

Bugdaý sözler

Türkmenlerde: «Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy?!» diýen pähim bar. «Bugdaý söz» diýlende, türkmençilige ýaraşýan hemaýatçylykly, medet beriji, göwün göteriji sözler göz öňünde tutulypdyr. Dillerinde-de, ýüreklerinde-de şeýle sözleri bolan adamlar adamkärçilikli hasaplanýar. Gürrüň bugdaý sözleri däl-de, Babadaýhanyň ýer ýüzüne ekip geçen ekini — bugdaý bilen bagly sözler barada gider. Bugdaý bilen bagly ulanylýan sözleri ýatlamak dil babatda-da, daýhançylyk babatda-da peýdaly bolsa gerek.

Baky sazlaşyk

Hakyň nazary düşen türkmen topragynyň özboluşly tebigy aýratynlyklary bar. Munuň şeýledigini watançy şahyr Seýitnazar Seýdiniň: «Pasly baharlarda seýrana çyksaň...» diýip, wasp eden Garagum sährasynyň çomuçly, keýigokaraly, gül-gunçaly ýazyny, onuň tomsuň jokramasynda depäňi gaýnadyp barýan jöwzaly tomsuny gören, baý haýwanat dünýäli jülge-jeňňellerine, datly miweli bagy-bossanlaryna, goýry kölegeli oba-kentlerine seýil-seýrana çykan her bir adam bilýändir. Bu barada dürli döwürlerde dürli-dürli ýurtlardan ülkämize syýahata gelen ýazarlardyr gezendeler hem gymmatly maglumatlary galdyrypdyrlar. Hakykatdan hem türkmen topragy — dagy-düzi, sährasy-çöli, derýasy-deňzi, jeňňeli-jülgesi ýerli-ýerinde bolan özboluşly toprak. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şeýle özboluşly tebigy gymmatlyklara eýe bolan türkmen topragynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen daşky gurşawy goramak, umumy öýümiz bolan tebigata aýawly çemeleşmek, onuň haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan ekologiýa syýasaty üstünlikli ösdürilýär. Muňa ýakynda habar berlişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek

Tebigat — biziň öýümiz

Goşandy bolmalydyr Garaşsyz döwletimizde ekologiýa ýagdaýy sagdynlaşdyrmaga, häzirki günlerde günsaýyn gözel görnüşe girýän tebigatymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga hem-de köpdürlüligini saklamaga uly üns berilýär. Sebäbi tebigatymyzy goramak, onuň ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrmak geljegimiziň aladasydyr. Şonuň üçinem Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda hem bu babatda giň möçberli işler üstünlikli dowam etdirilýär.

Baharyň ahyrynda

Bahar — gözelligiň gözbaşy, ýürek joşgunlarynyň sebäpkäri. Gözelligi görse gönenýän gözler, mylaýymlyga maýyl bolýan ýürekler baharda täsin duýga gaplanýar. Kömelekdir jümjümeli sähralar, bir-de bulutly, bir-de ýagmyrly, gujagynda bürgütler gaýyp ýören asman kalbyňy heýjana salsa, jerendir saýrak käkilikli daglar janyňa aram berýär. Bahar paslynda adamlar dünýä täzeden inen ýaly bolup, ýaşaýşa täze hyjuw hem joşgun bilen girişýär. Bagtly aýlar, ýyllar basym geçýär. Göýä diýersiň ýaňy gelen ýaly baharyň eýýäm bary-ýogy bir aý pursaty galdy. Bu gün barha möwsümi azalýan mährem bu pasyl gözlerime has hem eziz görünýär. Soňky günlerde göýä diýersiň, adam ömri deýin çäkli bahar hoşlaşyk mukamyny çalýana çalym edýär. Käýarym Gün gyzyp, ýaňaklarymy gyzgyn şemal sypan wagty mylaýym ýelli ýaz pasly öz ornuny jöwzaly tomsa beresi gelmän niredendir bir ýerlerden şemal köwsarladyp, çalaja ýagyş sepeleýär. Şol pursat ornuny täze gelen körpe gelne beresi gelmeýän uly gelniň näz-kereşmesi ýadyma düşýär. Nesibe paýy çekip, bagt bijesiniň çykan güni gaýynenesiniň egnine atan serpaýyny alyp, kereşme bilen haýaljak gozganyp ornuny eltisine berýän gelniň köplügiň arasyna siňip gidişi ýaly, mylaýym ýaz hem taryha siňer. Ýöne aýlar aýlany

Ýitendir öýdülýärdi, bar eken

Adamzat ýene bir ýitigini Ekwadoryň günbataryndaky Sentinel daglarynyň etegine ýaýran tropiki tokaýlardan tapdy. Ol ylmy dilde «Gasteranthus extinctus» diýlip atlandyrylýan güldür. Bu gül mundan kyrk ýyl ozal ýitip, ýok bolup gidendir öýdülýärdi. Emma adam aýagy sekmedik tokaýda bu gülüň ösýändiginiň üsti açyldy. Ýitgini ABŞ-nyň Çikago şäheriniň Fildsow muzeýiniň alymlary tapdylar. Alymlaryň aýtmagyna görä, ösümligiň gaýtadan gögerip çykmagy tebigaty goramak boýunça alnyp barylýan çäreleriň uly ähmiýetiniň bardygyny görkezýär.

Ak şäheriň ýaşyl ýaraşygy

 «7-24.tm», № 18 (101), 02.05.2022 Daşky gurşawa aýawly garamak, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek häzirki we geljekki nesilleriň abadan durmuşda ýaşamagy hem-de saglygy baradaky alada bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki ynsanyň ykbaly tebigat bilen sazlaşykda bolýar. Halkymyzyň şöhratly geçmişi, ösüşli şu güni, aýdyň ertiri hem Watanymyzyň täsin tebigaty bilen aýrylmaz baglydyr. Şeýlelikde, ýurdumyzda adamlaryň arasynda ekologik bilimleri giňden ýaýratmak, ekologiýa howpsuzlygy babatyndaky maglumatlar bilen ilaty habarly etmek, tebigaty goramagy wagyz-nesihat etmek meseleleri bilen baglanyşykly işler yzygiderli amala aşyrylýar.

Suw – ýaşaýyş

 «7-24.tm», № 18 (101), 02.05.2022  Ýerde ýaşaýşyň bolmagy üçin suw esasy madda hasaplanýar. Ähli janly-jandarlar ondan ybarat bolup, olaryň ýaşaýşy üçin yzygider suwuň üpjünçiligi gerek bolup durýar. Bir adam üçin ýylda ortaça 1000 litr suw gerek bolýar. Bu, aslynda, az görkeziji bolup görünýän hem bolsa, beýle däl. Dünýäniň 70 göterimini suw tutýar.

Diňe baglar barada

 «7-24.tm», № 18 (101), 02.05.2022  Biziň planetamyzdaky tebigatyň eçilen iň möhüm baýlyklarynyň biri baglardyr. Olary görmek, synlamak, töwereginde gezelenç etmek ýakymly bolup, daragtlar barada ajaýyp maglumatlary öwrenmek hem örän gyzyklydyr. Biz olar baradaky gyzykly maglumatlary siz bilen paýlaşýarys.

Gaýnarbaba — şypaly çeşme

Özüniň çeşme-çaýly dereleri, durnanyň gözi ýaly dury bulaklary bilen köpleriň ünsüni özüne çekip gelýän Köýtendag — syrdan doly dünýä. Bu dagda bitýän otlaryň 200-e golaý görnüşiniň dermanlyk häsiýete eýedigini ylym tassyklady. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işinde olar barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Goja dagyň aşagyndan syzylyp çykýan Gaýnarbaba çeşmesiniň suwy-da şypalydyr. Bu suwuň düzümini öwrenip, alymlar onda birnäçe minerallaryň bardygyny, olaryň adam bedeniniň madda alyş-çalşygyny kadalaşdyrmakda, beden agzalarynyň işjeňligini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belleýärler.