Tebigat — biziň öýümiz

4 Maý 2022
950

Goşandy bolmalydyr

Garaşsyz döwletimizde ekologiýa ýagdaýy sagdynlaşdyrmaga, häzirki günlerde günsaýyn gözel görnüşe girýän tebigatymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga hem-de köpdürlüligini saklamaga uly üns berilýär. Sebäbi tebigatymyzy goramak, onuň ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrmak geljegimiziň aladasydyr. Şonuň üçinem Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda hem bu babatda giň möçberli işler üstünlikli dowam etdirilýär.