Guşlar dünýäsinden

11 Maý 2022
1040

Oňurgalylaryň iň köp görnüşlisi we köpsanlysy bolan guşlar Ýer ýüzüniň ähli ýerinde giňden ýaýrandyr. Häzirki wagtda dünýäde guşlaryň 8 müň 600-den gowrak görnüşi bellidir. Olaryň sany Ýer ýüzi boýunça, takmynan, 100 milliarda barabardyr diýlip hasaplanylýar. Biziň ýurdumyzda hem guşlaryň 422 görnüşi hasaba alyndy.

Guşlaryň beden temperaturasy 42-45 gradus, käbir görnüşlerinde 39 gradus bolýar. Olaryň ýüregi dört kameraly bolup, wena bilen arteriýa gany gatyşmaýar. Kelle beýnisiniň uly ýarymşarlary gabaraly bolup, esasan-da, duýujylygy — eşidiş we görüş agzalary ösendir. Guşlarda kislorod çalşygy öýkende bolup geçýär. Ýöne öýkendäki kislorod çalşygy guşlar dem alanda we goýberende howa haltalaryndaky howanyň hasabyna hem bolup geçýär. Oňa ikileýin dem alma diýilýär.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).