Baharyň ahyrynda

3 Maý 2022
968

Bahar — gözelligiň gözbaşy, ýürek joşgunlarynyň sebäpkäri. Gözelligi görse gönenýän gözler, mylaýymlyga maýyl bolýan ýürekler baharda täsin duýga gaplanýar. Kömelekdir jümjümeli sähralar, bir-de bulutly, bir-de ýagmyrly, gujagynda bürgütler gaýyp ýören asman kalbyňy heýjana salsa, jerendir saýrak käkilikli daglar janyňa aram berýär. Bahar paslynda adamlar dünýä täzeden inen ýaly bolup, ýaşaýşa täze hyjuw hem joşgun bilen girişýär.

Bagtly aýlar, ýyllar basym geçýär. Göýä diýersiň ýaňy gelen ýaly baharyň eýýäm bary-ýogy bir aý pursaty galdy. Bu gün barha möwsümi azalýan mährem bu pasyl gözlerime has hem eziz görünýär. Soňky günlerde göýä diýersiň, adam ömri deýin çäkli bahar hoşlaşyk mukamyny çalýana çalym edýär. Käýarym Gün gyzyp, ýaňaklarymy gyzgyn şemal sypan wagty mylaýym ýelli ýaz pasly öz ornuny jöwzaly tomsa beresi gelmän niredendir bir ýerlerden şemal köwsarladyp, çalaja ýagyş sepeleýär. Şol pursat ornuny täze gelen körpe gelne beresi gelmeýän uly gelniň näz-kereşmesi ýadyma düşýär. Nesibe paýy çekip, bagt bijesiniň çykan güni gaýynenesiniň egnine atan serpaýyny alyp, kereşme bilen haýaljak gozganyp ornuny eltisine berýän gelniň köplügiň arasyna siňip gidişi ýaly, mylaýym ýaz hem taryha siňer. Ýöne aýlar aýlanyp, pasyllar gaýtalansa-da pursatlar gaýtalanmaz. Bu günki käbir gyzlar indiki baharda gelin bolar, ýaş gelinler ene bolar. Törümiziň töreleri goja nesillerimiz bolsa, ýagşy dileglerimizi edip, bize bagta sary ýol açar. Gykuwlaşyp-hoşlaşyp giden durnalaryň, buşluk habary bolup dolanyp gelşi ýaly, goý, her bir pasyl bize täze bagtyň buşlukçysy bolup gelsin! Gamlanan göwünler gülüp, aşyk söýen magşugyna sataşsyn!

Dilber DÖWLETGELDIÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň mugallymy.