Gaýnarbaba — şypaly çeşme

3 Maý 2022
1208

Özüniň çeşme-çaýly dereleri, durnanyň gözi ýaly dury bulaklary bilen köpleriň ünsüni özüne çekip gelýän Köýtendag — syrdan doly dünýä. Bu dagda bitýän otlaryň 200-e golaý görnüşiniň dermanlyk häsiýete eýedigini ylym tassyklady. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işinde olar barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

Goja dagyň aşagyndan syzylyp çykýan Gaýnarbaba çeşmesiniň suwy-da şypalydyr. Bu suwuň düzümini öwrenip, alymlar onda birnäçe minerallaryň bardygyny, olaryň adam bedeniniň madda alyş-çalşygyny kadalaşdyrmakda, beden agzalarynyň işjeňligini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belleýärler.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Merdan ORAZOW.