Aýdym aýdýan guş

17 Maý 2022
922

Islendik ynsany owazyna maýyl edýän sarybilbilleriň adamlar bilen ýaşap başlanyna 500 ýyldan gowrak wagt geçipdir. Onuň sesi tebigatda duş gelýän beýleki guşlardan düýpgöter üýtgeşikdir. Bu guşlaryň iň meşhur görnüşi «Gars rolleri» diýlip atlandyrylýar. Oňa köplenç Germaniýada duş gelmek bolýar. Ol ýakymly, ajaýyp jürküldeýän owazy bilen beýleki kowumdaşlaryndan düýpgöter tapawutlanýar.

Häzirki wagtda sarybilbiliň dünýäde 120-den gowrak görnüşi bar. Bu guşlar her ýylda ornitologlar tarapyndan geçirilýän bäsleşiklerde öňdäki orunlary eýeleýärler. Guşlaryň bu görnüşiniň esasy aýratynlygy-da, olar edil totuguşlar ýaly adamlaryň gepleýän geplerini gaýtalamagy halaýarlar we üstünlikli ýerine ýetirip bilýärler. Sarybilbiliň owazy adamlaryň ruhy ýagdaýyna oňyn täsir edýär. Bu guşlar 15 ýyl ýaşaýarlar. Onuň tebigatda diňe bir sary reňkli görnüşleri bolman, goňur, gyzyl reňklilerine-de duş gelinýär. Guşuň bu görnüşini ýekelikde idetmek amatly hasaplanýar. Eger-de bir sany kapasada birnäçe guş saklanylsa, onda olar bir-birine gahar edip, saýramaýarlar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Ruhsara JUMAGELDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.