Çüýşe görnüşli agaçlar

17 Maý 2022
1233

Brahihitonlar Ýer ýüzündäki ösümlikleriň bir görnüşidir. Brahihiton urugyna Awstraliýanyň we Täze Gwineýanyň subtropiki, tropiki howa şertlerinde ösýän, hemişe gök öwüsýän ýaprakly agaçlaryň hem-de gyrymsy agaçlaryň 30-a golaý görnüşi degişlidir. Brahihitonlaryň çygly hem-de gurak ýerlerde ösýän görnüşleriniň biri-de, çüýşe agaçlarydyr.

Çüýşe agajynyň esasy sütüniniň gabygy galyň hem-de gaty, ýylmanak bolup, köplenç goýy ýaşyl reňkdedir. Onuň bu aýratynlygy gabygyna fotosintez hadysasyny geçirip, organiki maddalary sintezlemäge ýardam edýär. Bu aýratyn hem gurak ýerde ösýän görnüşleri üçin has-da ähmiýetlidir. Subtropiki ösümlikleriň köpüsi ýaly bular hem ýaz paslynyň başynda ýapraksyz ýagdaýda gülläp başlaýarlar. Gülleriniň reňki gülgüne reňkdedir. Ösüp çykan ýapraklarydyr gülleri ýaşyna baglylykda öz görnüşine eýe bolup başlaýar we tohumlary arkaly köpelýärler. Boýy 15 metre çenli bolup, ýogyn sütüniniň göwrümi 3 – 4 metr töweregidir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.