Baky sazlaşyk

4 Maý 2022
970

Hakyň nazary düşen türkmen topragynyň özboluşly tebigy aýratynlyklary bar. Munuň şeýledigini watançy şahyr Seýitnazar Seýdiniň: «Pasly baharlarda seýrana çyksaň...» diýip, wasp eden Garagum sährasynyň çomuçly, keýigokaraly, gül-gunçaly ýazyny, onuň tomsuň jokramasynda depäňi gaýnadyp barýan jöwzaly tomsuny gören, baý haýwanat dünýäli jülge-jeňňellerine, datly miweli bagy-bossanlaryna, goýry kölegeli oba-kentlerine seýil-seýrana çykan her bir adam bilýändir. Bu barada dürli döwürlerde dürli-dürli ýurtlardan ülkämize syýahata gelen ýazarlardyr gezendeler hem gymmatly maglumatlary galdyrypdyrlar.

Hakykatdan hem türkmen topragy — dagy-düzi, sährasy-çöli, derýasy-deňzi, jeňňeli-jülgesi ýerli-ýerinde bolan özboluşly toprak. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şeýle özboluşly tebigy gymmatlyklara eýe bolan türkmen topragynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen daşky gurşawy goramak, umumy öýümiz bolan tebigata aýawly çemeleşmek, onuň haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan ekologiýa syýasaty üstünlikli ösdürilýär. Muňa ýakynda habar berlişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi hem anyk subutnamadyr. Mundan başga-da daş-töweregimizi gurşap alan tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak ýörelgelerini ýurdumyzda hereket edýän Repetek döwlet biosfera goraghanasynda, Amyderýa, Köýtendag, Bathyz, Sünt-Hasardag, «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanalarynda we olaryň onlarça bölümlerinde alnyp barylýan tutumly işlerde hem aýdyň görmek bolýar. Häzirki wagtda bu goraghanalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar. Olaryň çäklerinde goraghanalarda tebigy gurşawyň we haýwanat dünýäsiniň goralmagy we baýlaşdyrylmagy ylmy esaslarda öwrenilýär. Şunda biziň daş-töweregimizi gurşap alan tebigat we onuň ösümlik hem haýwanat dünýäsi bilen ynsanyň sazlaşykda ýaşamagy baradaky mesele aýratyn örboýuna galýar. Aslyýetinde, bu asyrlarboýy dowam edip gelen we ata-babalarymyz tarapyndan hem uly ähmiýet berlen meseledir. Çünki tebigat we onuň ösümlik haýwanat dünýäsi bilen sazlaşykda ýaşap, ynsan dünýä berkararlygyny üpjün edip biler. Bu pikiriň aňyrsynda bolsa juda çuň many-mazmun bar — ýagny, biz daş-töweregimizi gurşap alan barlyga bolan garaýşymyz we gatnaşygymyz ýaly tebigatdan hem şeýle garaýşy we gatnaşygy gazanýarys. Hut şu ýagdaý hem her birimiziň umumy öýümiz bolan tebigata aýawly çemeleşmelidigimiz baradaky taryhy hakykaty orta çykarýar.

Gülruh AÇYLOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.