Garagumuň sähra towşanlary

17 Maý 2022
1035

Garagum sährasynyň haýwanat dünýäsiniň jandarlarynyň biri-de, çöl towşanlarydyr. Towşan hakynda gürrüň edilende, «Towşana dogduk depe» diýen aýtgy ýadyňa düşýär. Bu ýöne ýere aýdylmandyr. Çünki towşan özüniň ýatýan ýeriniň töwereginde gezýär. Towşanlar gündizine ýatmak üçin 40 – 50 ädim aralykda töweregi oňat görner ýaly ýeri saýlaýarlar. Şol ýerdäki selin, ýowşan, sazak ýaly ösümlikleriň ýa-da könelen ojaryň töňňesiniň düýplerinden özüne ýeter ýaly çukurja ýer gazýarlar. Ony özleriniň reňkleriniň ak ýerlerini gizlär ýaly edip gazýarlar. Ýatanlarynda olaryň diňe arkasy görünýär. Şonuň üçin olary aňsat saýgaryp bolmaýar. Her towşan ortaça 1000 inedördül metr meýdanda ýaşaýar. Olar tutuş bir gijäniň dowamynda şol meýdanda gezim edip, otlaýarlar we ortaça 7 – 8 kilometr ýol geçýärler. Daň atandan soň, ýyrtyjylardan gizlenip, günuzyn şol bir ýerde ýatýarlar.

Towşanlar örän ýokary tizlik bilen gaçmagy başarýarlar. Tilki, şagal, möjekler aňsat towşany kowup ýetip bilmeýärler. Olar ýyrtyjy haýwanlardan, wagşy guşlardan çöp-çalamlaryň arasynda gizlenip goranýarlar. Gum towşanlary Gün ýaşandan soň, gezime çykyp, gijäniň ýaryna çenli oňatja otlap, ýene-de hinine barýarlar. Towşanlar yzky we öň aýaklaryny deň hereketde tutup bökenlerinde, uly aralyga, käte ondan hem uzagraga böküp, 20 – 30 metr töweregi ýol geçýärler. Käte gapdala böküp towusmak bilen howpdan goranmagy-da başarýarlar. Maral towşanlary çägäniň üstünden ýörände, barmaklarynyň yzy endigan üçburçlugy ýada salýar. Erkek towşanlaryň yzlary gödegräk bolup, maral towşanlara garanda, ýeri oýup gidýär. Ene towşanyň yzy bilen deňeşdirilende, ol kiçiräk görünýär. Türkmen sährasynyň genji-hazynasy, tebigat gözelliklerine gözellik goşýan, owadanlykda, duýgurlykda özboluşly aýratynlyklary jemleýän towşanlar döwletimiz tarapyndan goralyp, olaryň sanlarynyň artmagy ugrunda bimöçber aladalar edilýär.

Atageldi BORJAKOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň işgärler bölüminiň hünärmeni.