Gyzyl gandym — gumuň bezegi

11 Maý 2022
1140

Tomsuň jöwzasyna, gyşyň gazabyna garamazdan, çölde ösüp, çägäniň süýşmeginiň öňüni almakda möhüm hyzmaty ýerine ýetirýän, şeýle-de dürli haýwanlardyr guşlar üçin pena, dowarlar üçin bolsa iýmit bolup hyzmat edýän ösümlikleriň biri-de gyzyl gandymdyr. Ýörite habarçymyz Hudaýberen Palekeýew golaýda Repetek döwlet biosfera goraghanasynda bolup, Garagum sährasynyň bezegi bolan gyzyl gandym, onuň aýratynlyklary we çölüň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň bermegini haýyş edip, goraghananyň uly ylmy işgäri Nurmyrat Döwletowa ýüz tutdy. Şonda ol şeýle gürrüň berdi:

— Goraghanamyzyň çäginde gandymyň alty görnüşi ösýär. Şolardan gyzyl gandym kyrkbogunlylar maşgalasyna degişli bolup, ol Garagum sährasynda bitýän, açyk ýaşyl reňkli, beýikligi 4 metre çenli ýetýän agaçdyr. Gandym mart aýynyň ortalaryna köpçülikleýin ösüp başlaýar we aprel aýynda gülleýär. Iýun-iýul aýlarynda bolsa olaryň tohumy taýýarlanylýar. Bu agaçlar ýagtylygy oňat görýärler. Olar yssa we gurakçylyga çydamly. Tohumyndan we öserinden gowy köpelýärler.