Tokaýlary ýangyndan goralyň!

11 Maý 2022
928

Tokaýlar bizi ýaşaýyş üçin zerur bolan arassa howa bilen üpjün edýär, güýçli ýelleriň badyny gowşadýar, suw joşgunlaryndan goraýar. Şeýle-de tokaýlar gyşyna howanyň sowuklygyny, tomsuna bolsa gyzgynlygyny peseldýär. Biziň köpimiz tokaýlarda dynç almagy halaýarys. Ony goramak bolsa borjumyzdyr. Munuň üçin degişli kadalar işlenilip düzüldi.

Daýhan birleşikleriniň çäklerindäki tokaýlara ýanaşyk ýerlerde oba hojalyk işleri amala aşyrylýar, mal bakylýar. Höwesjeň balykçylar derýada balyk tutýarlar, dynç alýarlar. Tokaýlaryň çäklerine giren adam ýangyn howpsuzlyk kadalaryny hökman ýerine ýetirmelidir. Zerurlyk ýüze çykanda, çaý gaýnatmak, nahar bişirmek üçin açyk ýerleri saýlap almaly. Ýanyp gutaran oduň közüni toprak bilen gömmeli ýa-da onuň üstüne içindäki közler sönüp gutarýança suw guýmaly.

Umitjan HÜSEÝINOW,
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri.