Daşky gurşawy goramak mukaddes borçdur

8 Maý 2022
1249

Türkmen tebigatynyň gözelligi, onuň gül-gülälekli sähralary, müňýyllyklaryň şaýady bolup oturan daglary, çeşme-çaýlary, dürli dermanlyk otlarydyr ösümlikleri, haýwanat dünýäsi göreni haýrana goýýar. Ol gözellikleri synlap, kalbyň heýjana gelýär. Bu mukaddes toprakda ajaýyp zamanada ýaşap, zähmet çekýändigiňe buýsanjyň artýar. Tebigatyň baýlyklaryny goramak, ony aýawly saklamak biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Ajaýyp tebigatymyzda, tokaý-seýilgäh zolaklarynda, daglardyr düzlüklerde, öri meýdanlarynda, köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegi we ýangynyň döremeginiň öňüni almak üçin şulary bilmek zerurdyr.

Taňryberdi ALLABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň PM-niň ÝHB-niň 101-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň we uly ýangynlaryň öňüni almak boýunça ýörite dessine täsir ediş toparynyň ýangyn söndüriji söweşjeň bölüminiň ýolbaşçysy, içerki gullugyň leýtenanty.