Ak şäheriň ýaşyl ýaraşygy

3 Maý 2022
958

 «7-24.tm», № 18 (101), 02.05.2022

Daşky gurşawa aýawly garamak, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek häzirki we geljekki nesilleriň abadan durmuşda ýaşamagy hem-de saglygy baradaky alada bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki ynsanyň ykbaly tebigat bilen sazlaşykda bolýar. Halkymyzyň şöhratly geçmişi, ösüşli şu güni, aýdyň ertiri hem Watanymyzyň täsin tebigaty bilen aýrylmaz baglydyr. Şeýlelikde, ýurdumyzda adamlaryň arasynda ekologik bilimleri giňden ýaýratmak, ekologiýa howpsuzlygy babatyndaky maglumatlar bilen ilaty habarly etmek, tebigaty goramagy wagyz-nesihat etmek meseleleri bilen baglanyşykly işler yzygiderli amala aşyrylýar.