"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Rowaçlygyň ýoly bilen

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine we kuwwatlanmagyna uly itergi berýär. Ýurdumyzyň nebitgaz pudagy milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna uly goşant goşýan pudaklaryň biridir. Ýurdumyz uglewodorod hem-de çig mal serişdelerine örän baý döwletleriň hataryna girýär. Döwletimiziň energetika strategiýasy ykdysady taýdan esaslandyrylan we energiýa howpsuzlygy, şeýle hem daşky gurşawy aýawly saklamak nukdaýnazaryndan kepillendirilendir. Ýurdumyzda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijiniň taslamasynynyň ägirt uly geoykdysady ähmiýete eýedigini belläp geçýär. Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, onuň kuwwatyny we netijeliligini ýokarlandyrmak babatda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Nebitgaz toplumynda ylmyň hem-de halkara tejribäniň soňky gazananlaryny pudaga ornaşdyrmak, gazyň we nebitiň gazylyp alnyşyny, olary gaýtadan işlemegiň möçberini artdyrmak boýunça anyk wezipeler kesgitlenildi. Şol wezipeleriň hatarynda topluma sanly ulgamy, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly wezipeler esasy orny tutýar.

VI Hazar sammitiniň Beýanatynda hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleri kesgitlenildi

Şu gün Aşgabatda geçirilen VI Hazar sammitinde Prezidentler dostluk, ynanyşmak ýagdaýynda Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň örän möhüm meselelerini, özara gyzyklanma bildirilýän möhüm halkara we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejeli maslahatyň jemleýji resminamasy hökmünde VI Hazar sammitiniň Beýanaty kabul edildi. Resminamada Hazar deňzi boýunça mundan öňki ýokary derejedäki duşuşyklarda kabul edilen çözgütleriň möhümdigi hem-de olary netijeli durmuşa geçirmegiň zerurdygy bellenilýär. 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmeginiň ähmiýetine ýokary baha berilýär.

Serdar Berdimuhamedow VI Hazar sammitinde Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi

Şu gün Aşgabat şäherindäki «Arkadag» myhmanhanasynda Hazar «bäşliginiň» VI sammiti geçirildi. Hazarýaka ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli duşuşykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň garaýyşlaryny we tekliplerini beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz Hazarda ulag, balyk awlamak, gämiçilik, biologik serişdeleri aýawly saklamak, ekologiýa howpsuzlygy, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak ulgamlarynda hyzmatdaşlyk boýunça pudaklaýyn ylalaşyklaryň ençemesiniň üstünde işlenilmeginiň we bu işiň dowam etdirilmeginiň häzirki wagtda gatnaşyklaryň hil taýdan anyk häsiýete eýe bolmagyna, maksadalaýyk, yzygiderli hem-de netijeli ösmegine ýardam edýändigini nygtady.

Hazarýaka döwletleriň Aşgabat sammiti

Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllyk toýuna barýan hemişelik Bitarap ýurdumyz parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Hazar deňzinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, sebit ähmiýetli wajyp meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda möhüm orny eýeleýär. Şol maksatdan ugur alnyp, düýn gözel paýtagtymyz Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammiti geçirildi. Aşgabat sammitiniň gün tertibine ileri tutulýan ugurlarda netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleler toplumy girizildi. 28-nji iýunda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi boldy. Mejlisde Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygyň aýry-aýry ugurlaryna, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna hem-de wajyp halkara meselelerine garadylar. Mälim bolşy ýaly, Hazar deňzi sebiti boýunça goňşy döwletler bilen milli we umumy bähbitler esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyga ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy

Hazar sebitinde ykdysady goşulyşmak syýasaty dabaralanýar

Aşgabatda VI Hazar sammiti öz işine başlady

Aşgabat şäherindäki «Arkadag» myhmanhanasynda VI Hazar sammiti öz işine başlady. Hazarýaka döwletleriň — Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň döwlet Baştutanlary 20 ýyldan soň ýene-de Aşgabatda duşuşýarlar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Arkadag» myhmanhanasynda döwlet Baştutanlaryny garşylady. Bu ýerde Hazarýaka döwletleriň Liderleri bilelikde surata düşdüler. Soňra bäştaraplaýyn gepleşikler başlandy.

Hazar sammiti: umumy geljegiň bähbidine netijeli gatnaşyklar

Aşgabat, 28-nji iýun. Şu gün ýurdumyzyň DIM-nde geçirilen Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde 29-njy iýunda Aşgabatda boljak VI Hazar sammitine taýýarlyk görmek hem-de onuň gün tertibine girizilen meseleleri ylalaşmak ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda boldy. Ýokary derejedäki bäştaraplaýyn gepleşikleriň öňüsyrasyndaky duşuşykda Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygyň aýry-aýry ugurlaryna, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna hem-de wajyp halkara meselelere garadylar.

Ha­zarýaka sebi­t: hoş­ni­ýet­li hyzmatdaşlyk ýoly bilen

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 24-nji iýun­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň VI sam­mi­ti­ne gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. Bu sam­mi­ti 29-njy iýun­da Aş­ga­bat­da ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz kö­pu­gur­ly oňyn hal­ka­ra, şol san­da se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy ber­kid­ýär we ös­dür­ýär. Bu hyz­mat­daş­lyk Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy­ny düz­ýär. Ha­zar me­se­le­le­ri bo­ýun­ça möhüm we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­ga he­mi­şe yg­rar­ly bol­mak, iň ýa­kyn goň­şu­lar bi­len ys­ny­şyk­ly we kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da ile­ri tu­tul­ýan ugur­dyr. Ýur­du­my­zyň Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mit­le­ri­ne yzy­gi­der­li gat­naş­ma­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu de­ňiz Türk­me­nis­ta­ny, Azer­baý­ja­ny, Eý­ra­ny, Ga­za­gys­ta­ny, Rus­si­ýa­ny öz ke­na­r

Taryhy ädimleriň guwandyryjy netijeleri

Ýakynda Türkmenistan döwletimiziň 7-nji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanandygy baradaky hoş habar ähli halkymyzy begendirdi. Türkmenistan döwletimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji,62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji we 75-nji mejlislerine hem wise-başlyklyga saýlanypdy. Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň çäklerinde raýdaşlyk, ekologik çemeleşmeler we ylym ýaly halkara ugurlara has köp üns beriljekdigi bellenip geçildi. Bu ugurlarda döwletimiz tarapyndan maksadalaýyk başlangyçlar öňe sürülýär we tutumly işler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzda dünýä we sebit döwletleri, şol sanda Hazarýaka döwletleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli berkidilýär. Gatnaşyklaryň özara ynanyşmak derejesinde uzak geljegi nazarlamagyna bilelikdäki gepleşikleriň netijesinde gol çekilen resminamalar esas bolup durýar. Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli kämilleşmegine özara duşuşyklarda gol çekilen we tassyklanan resminamalar berk binýat hökmünde uly itergi berýär. Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň I sammiti 2002-nji ýylda Aşgabatda, II Hazar sammiti 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda Tähranda, III Hazar sammiti 2010-njy ýylda Bakuda, IV Hazar sammiti 2014-nji ýylda Astrahanda we 2018-nji ýylyň 12-nji

Ynsanperwerlik hemaýaty

Halkymyzyň asyrlardan asyrlara aşyp gelýän ynsanperwerlik, birek-birege goldaw bermek, goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgeleri häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär. Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary esasynda dost-doganlyk berkeýär. Il içinde «Goňşy — goňşynyň aýnasy», «Kyýamat güni goňşudan», «Goňşy — goňşa hemsaýa» ýaly aýtgylaryň ýörgünli bolmagy hut şonuň üçin bolsa gerek. Türkmen halky hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen ýertitreme zerarly heläkçilik çekenlere ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, goňşy döwletiň doganlyk halkyna azyk önümlerinden, dürli görnüşli dermanlyk we arassaçylyk serişdelerinden, köp mukdardaky hojalyk harytlaryndan ybarat bolan ynsanperwerlik ýüküni iberdi. Ol Kabul şäherine ýetirildi.

Hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýär

27-nji iýun­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­dow «Ça­lyk Hol­ding» kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Ah­met Ça­ly­gy ka­bul et­di. Türk işe­wü­ri du­şuş­ma­ga wagt ta­pan­dy­gy hem-de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň kä­bir ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlap, türk­men hal­ky­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Oňyn hem-de ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar ös­dü­ril­ýär

27-nji iýun­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gur­ban­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­dow «Ça­lyk Hol­ding» kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Ah­met Ça­lyk bi­len du­şuş­dy. Türk hol­din­gi­niň ýol­baş­çy­sy du­şuş­ma­ga wagt ta­pan­dy­gy üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za uzak ömür, berk jan sag­lyk, bagt, aba­dan­çy­lyk, giň ge­rim­li döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Ha­zar — dost­luk deň­zi

Hä­zir­ki wagt­da Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da döw­let sy­ýa­sa­ty, şol san­da da­şa­ry sy­ýa­sat üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we hu­kuk gi­ňiş­li­gi­ne üs­tün­lik­li go­şul­mak bi­len, baý dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny tu­tuş adam­za­dyň bäh­bi­di­ne gö­nük­dir­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa hem-de Ha­zar se­bi­tin­de döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry saz­la­şyk­ly ýo­la goý­mak, dur­nuk­ly dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş üçin esa­sy şert hök­mün­de se­bit­le­ýin pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy, hyz­mat­daş­ly­gy üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ha­zar bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ýö­rel­ge­si­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

27-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.Türk işewüri döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi, şeýle-de giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlap, türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan kompaniýanyň ýolbaşçysyna gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi ugur edinmeginiň iri daşary ýurt kompaniýalarynyň, şol sanda türk işewürleriniň eýe bolan hem-de teklip edip biljek iň täze tehnologiýalarynyň we işläp taýýarlamalarynyň işjeň çekilmegini göz öňünde tutýandygyny nygtady.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Ça­lyk Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di

Aş­ga­bat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow “Ça­lyk Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Ah­met Ça­ly­gy ka­bul et­di. Türk işe­wü­ri du­şuş­ma­ga wagt ta­pan­dy­gy hem-de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň kä­bir ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne gi­riş­me­gi, şeý­le-de giň­den bel­le­nil­ýän Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni bi­len gut­lap, türk­men hal­ky­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Po­li­meks” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di

Aş­ga­bat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Tür­ki­ýä­niň “Po­li­meks In­şa­at Taahhüt ve Sa­nayi Ticaret A.Ş.” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Erol Ta­ban­ja­ny ka­bul et­di. Işe­wür du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, ýol­baş­çy­lyk ed­ýän kom­pa­ni­ýa­sy­nyň dur­mu­şyň äh­li ul­gam­la­ryn­da ýo­ka­ry ösüş ga­zan­ýan Türk­me­nis­tan bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy do­wam et­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ma­ýa go­ýum üçin dö­re­di­len amat­ly şert­ler we bar bo­lan ägirt uly müm­kin­çi­lik­ler Tür­ki­ýä­niň, umu­man, da­şa­ry ýurt­la­ryň işe­wür dü­züm­le­ri üçin türk­men ba­za­ry­nyň özü­ne çe­ki­ji­li­gi­ni art­dyr­ýar. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, “Po­li­meks” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy ýur­du­myz­da bel­le­nil­ýän Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Rö­ne­sans Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di

Aş­ga­bat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow “Rö­ne­sans Hol­ding” türk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Er­man Yly­ja­gy ka­bul et­di. Işe­wür du­şuş­ma­ga wagt ta­pan­dy­gy üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, Tür­ki­ýä­niň işe­wür to­par­la­ry­nyň ägirt uly yk­dy­sa­dy kuw­wa­ta eýe bo­lan hem-de oňyn hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­ýan Türk­me­nis­tan bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri­ni nyg­ta­dy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Türk holdinginiň ýolbaşçysy duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza uzak ömür, berk jan saglyk, bagt, abadançylyk, giň gerimli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza uzak ömür, berk jan saglyk, täze taryhy eýýamyň ägirt uly maksatlaryny durmuşa geçirmekde gujur-gaýrat arzuw etdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň “Polimeks Inşaat Taahhüt ve Sanayi Ticaret A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjanyň duşuşygy boldy. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde üstünlik arzuw etdi.