Ynsanperwerlik hemaýaty

28 Iýun 2022
813

Halkymyzyň asyrlardan asyrlara aşyp gelýän ynsanperwerlik, birek-birege goldaw bermek, goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgeleri häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär. Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary esasynda dost-doganlyk berkeýär. Il içinde «Goňşy — goňşynyň aýnasy», «Kyýamat güni goňşudan», «Goňşy — goňşa hemsaýa» ýaly aýtgylaryň ýörgünli bolmagy hut şonuň üçin bolsa gerek.

Türkmen halky hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen ýertitreme zerarly heläkçilik çekenlere ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, goňşy döwletiň doganlyk halkyna azyk önümlerinden, dürli görnüşli dermanlyk we arassaçylyk serişdelerinden, köp mukdardaky hojalyk harytlaryndan ybarat bolan ynsanperwerlik ýüküni iberdi. Ol Kabul şäherine ýetirildi.

«Bereketli toprak».