Hazar sebitinde ykdysady goşulyşmak syýasaty dabaralanýar

29 Iýun 2022
673

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen yglan edilen 2022-nji ýylda ýurdumyzyň sebitleýin we ählumumy derejede parahatçylyk döredijilik syýasatynyň we ösüş arkaly parahatçylyk taglymatynyň çäginde alyp barýan döwlet syýasatynyň daşary syýasat ugry uly goldawa we üstünliklere eýe bolýar. Sebitde we dünýäde aýratyn ünse eýe bolýan Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammiti 29-njy iýunda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Arkadag» myhmanhanasynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Ýewraziýa yklymynda syýasy, ykdysady, durmuş, demografik, geografik görkezijiler boýunça ägirt uly mümkinçilikleri özünde jemleýän Hazarýaka döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň bu sebitleýin sammite gatnaşmagy goňşy döwletleriň arasynda strategik häsiýete eýe bolýan agzybirlige, özara ynanyşmaga, köpugurly hyzmatdaşlyga esaslanýan dialogyň aýdyň alamaty bolup durýar.

Türkmen diplomatiýasynyň gün tertibinde ykdysady meseleleriň ornunyň artmagy döwrüň talaby bolup durýar. Bazar gatnaşyklaryna esaslanýan milli ykdysadyýetimiziň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň geriminiň giňemegi bilen baglanyşykly 2018-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň düzüminde Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk bölümi döredildi. Bu bölüm iri maýa goýum taslamalarynyň netijeliligini seljermek, hökümetara iş toparlarynyň işini utgaşdyrmak ýaly möhüm wezipeleri amal edýär. Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary hökmünde ulag, energetika we suw diplomatiýasy ugurlary hem ykdysady meseleler bilen gönüden-göni baglydyr.

Kerimguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.