Rowaçlygyň ýoly bilen

29 Iýun 2022
577

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine we kuwwatlanmagyna uly itergi berýär. Ýurdumyzyň nebitgaz pudagy milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna uly goşant goşýan pudaklaryň biridir. Ýurdumyz uglewodorod hem-de çig mal serişdelerine örän baý döwletleriň hataryna girýär. Döwletimiziň energetika strategiýasy ykdysady taýdan esaslandyrylan we energiýa howpsuzlygy, şeýle hem daşky gurşawy aýawly saklamak nukdaýnazaryndan kepillendirilendir. Ýurdumyzda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijiniň taslamasynynyň ägirt uly geoykdysady ähmiýete eýedigini belläp geçýär.

Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, onuň kuwwatyny we netijeliligini ýokarlandyrmak babatda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Nebitgaz toplumynda ylmyň hem-de halkara tejribäniň soňky gazananlaryny pudaga ornaşdyrmak, gazyň we nebitiň gazylyp alnyşyny, olary gaýtadan işlemegiň möçberini artdyrmak boýunça anyk wezipeler kesgitlenildi. Şol wezipeleriň hatarynda topluma sanly ulgamy, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly wezipeler esasy orny tutýar. Amal edilýän beýik işler agzalanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda ýurdumyzyň Lebap welaýatyna amala aşyran toý saparynyň çäginde, bu ýerdäki «Gadyn» käninde täze gaz ýygnaýjy bekediň, Çärjew etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik bekediniň, şeýle hem bu welaýatyň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmäge niýetlenen Üçajy — Zerger gaz geçirijisiniň işe girizilmegine ak pata berendigini hem buýsanç bilen bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň gazanýan beýik ösüşleriniň nobatdaky görkezijisidir.

Altyn AGAMYRADOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.