Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Ça­lyk Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di

28 Iýun 2022
539

Aş­ga­bat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow “Ça­lyk Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Ah­met Ça­ly­gy ka­bul et­di.

Türk işe­wü­ri du­şuş­ma­ga wagt ta­pan­dy­gy hem-de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň kä­bir ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne gi­riş­me­gi, şeý­le-de giň­den bel­le­nil­ýän Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni bi­len gut­lap, türk­men hal­ky­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.