Ministrler Kabinetiniň 24-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimize Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Bu sammiti 29-njy iýunda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz köpugurly oňyn halkara, şol sanda sebitara hyzmatdaşlygy berkidýär we ösdürýär. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasyny düzýär.
Hazar meseleleri boýunça möhüm wezipeleri çözmekde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga hemişe ygrarly bolmak, iň ýakyn goňşular bilen ysnyşykly we köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurdyr. Ýurdumyzyň Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitlerine yzygiderli gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu deňiz Türkmenistany, Azerbaýjany, Eýrany, Gazagystany, Russiýany öz kenarynda birleşdirmek bilen, Hazar bäşligini emele getirýär. Türkmenistan üçin Hazar sebiti iň möhüm geosyýasy we geoykdysady merkezleriň biridir.