27-nji iýunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.
Türk holdinginiň ýolbaşçysy duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza uzak ömür, berk jan saglyk, bagt, abadançylyk, giň gerimli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.