Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň “Polimeks Inşaat Taahhüt ve Sanayi Ticaret A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjany kabul etdi.
Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň durmuşyň ähli ulgamlarynda ýokary ösüş gazanýan Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, maýa goýum üçin döredilen amatly şertler we bar bolan ägirt uly mümkinçilikler Türkiýäniň, umuman, daşary ýurtlaryň işewür düzümleri üçin türkmen bazarynyň özüne çekijiligini artdyrýar. Pursatdan peýdalanyp, “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlady.