Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Rö­ne­sans Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di

28 Iýun 2022
559

Aş­ga­bat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow “Rö­ne­sans Hol­ding” türk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Er­man Yly­ja­gy ka­bul et­di.

Işe­wür du­şuş­ma­ga wagt ta­pan­dy­gy üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, Tür­ki­ýä­niň işe­wür to­par­la­ry­nyň ägirt uly yk­dy­sa­dy kuw­wa­ta eýe bo­lan hem-de oňyn hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­ýan Türk­me­nis­tan bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri­ni nyg­ta­dy.