VI Hazar sammitiniň Beýanatynda hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleri kesgitlenildi

29 Iýun 2022
643

Şu gün Aşgabatda geçirilen VI Hazar sammitinde Prezidentler dostluk, ynanyşmak ýagdaýynda Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň örän möhüm meselelerini, özara gyzyklanma bildirilýän möhüm halkara we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejeli maslahatyň jemleýji resminamasy hökmünde VI Hazar sammitiniň Beýanaty kabul edildi.

Resminamada Hazar deňzi boýunça mundan öňki ýokary derejedäki duşuşyklarda kabul edilen çözgütleriň möhümdigi hem-de olary netijeli durmuşa geçirmegiň zerurdygy bellenilýär. 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmeginiň ähmiýetine ýokary baha berilýär.

«Türkmenistan»