Hazarýaka döwletleriň Aşgabat sammiti

29 Iýun 2022
575

Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllyk toýuna barýan hemişelik Bitarap ýurdumyz parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Hazar deňzinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, sebit ähmiýetli wajyp meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda möhüm orny eýeleýär. Şol maksatdan ugur alnyp, düýn gözel paýtagtymyz Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammiti geçirildi. Aşgabat sammitiniň gün tertibine ileri tutulýan ugurlarda netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleler toplumy girizildi.

28-nji iýunda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi boldy. Mejlisde Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygyň aýry-aýry ugurlaryna, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna hem-de wajyp halkara meselelerine garadylar. Mälim bolşy ýaly, Hazar deňzi sebiti boýunça goňşy döwletler bilen milli we umumy bähbitler esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyga ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda aýratyn ähmiýet berilýär.

«Esger».