Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda döwlet syýasaty, şol sanda daşary syýasat üstünlikli amala aşyrylýar. Baky Bitarap Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulmak bilen, baý döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýär.
Türkmenistanyň daşary syýasatynda Merkezi Aziýa hem-de Hazar sebitinde döwletara gatnaşyklary sazlaşykly ýola goýmak, durnukly durmuş-ykdysady ösüş üçin esasy şert hökmünde sebitleýin parahatçylygy we howpsuzlygy, hyzmatdaşlygy üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Hazar bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.