Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

28 Iýun 2022
620

27-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.Türk işewüri döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi, şeýle-de giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlap, türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan kompaniýanyň ýolbaşçysyna gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi ugur edinmeginiň iri daşary ýurt kompaniýalarynyň, şol sanda türk işewürleriniň eýe bolan hem-de teklip edip biljek iň täze tehnologiýalarynyň we işläp taýýarlamalarynyň işjeň çekilmegini göz öňünde tutýandygyny nygtady.

Metbugat habarlary esasynda taýýarlanyldy.