Jebislik — döwrüň talaby

23 Iýul 2022
637

Hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşyndan soňky oýlanmalar

Ilki bilen aýtmakçy bolýanymyz, hormatly okyjylar, soňky birki ýyllykda Merkezi Aziýa döwletleri öz aralarynda syýasy işjeňligi öňkülere garanda has artdyrdylar. Munuň şeýledigini biziň ýurtlarymyzyň döwlet Baştutanlarynyň ol ýa beýleki meseleler boýunça ýygy-ýygydan duşuşyp durýandyklarynyň mysalynda hem aýdyp bolar. Syýasy işjeňlik hem özi bilen döwletara ykdysady hyzmatdaşlygyň ählitaraplaýyn ösdürilmegine, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklara has uly üns berilmegine, umuman, sebitimize özara ynamy, düşünişmegi, birek-birege goldawy getirdi. Bu zatlar, elbetde, ozal hem bardy, ol inkär edilenok. Nygtajak bolýanymyz, şol gatnaşyklara täzeden jan berildi. Netijede, sebitiň howasy täzelendi. Häzirki zaman mümkinçiliklerine we talaplaryna laýyklykda ýola goýlan gatnaşyklarymyzda ata-baba gadymy köklerimize barha köp daýanylyp başlandy. Bularyň hemmesi birleşip, biziň halklarymyzyň ýüz-gözüniň gülüp durmagyna getirdi. Asly, köki bir halklaryň birek-birege gülüp bakmasy — bagt, onda-da häzirki döwrüň ýagdaýlaryny göz öňünde tutanyňda. Şu bagta hormatly döwlet Baştutanlarymyz ýetirdi, hut şolaryň erk-islegi, parasady we öňdengörüjiligi bilen halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar doganlyk gatnaşygyna öwrülýär.

Seýitguly GELDIÝEW.
“Türkmenistan”.