"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek babatynda uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda jemgyýetimizde bedenterbiýe-sagaldyş hereketi yzygiderli ösdürilýär. Parahatçylykly gülläp ösýän Watanymyzda halkyň saglygy, ruhubelentligi, bagtyýarlygy baradaky alada baş wezipeleriň biri bolup durýar. Uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýörişiň geçirilmegi örän täsirli waka boldy. Bu bolsa sagaldyş bedenterbiýesiniň we sportuň bagtyýar halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendiginiň aýdyň beýanydyr. Saglyk ýolundaky ajaýyp dag howasy, töweregi gurşaýan arça baglarynyň gözel görki ýörişiň ynsan saglygyna ýakymly täsirini has-da artdyrdy, göwünlere joşgun berdi.

Şöhratly taryhyň beýany

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz häzirki wagtda uly ösüşleri bilen bütin dünýäde giňden tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty çuňňur paýhasa ýugrulandygy bilen uly üstünliklere eýe bolýar. Bagtyýar türkmen halkynyň ýurdumyzyň ajaýyp ösüşlerine, bütin dünýädäki belent abraýyna buýsanjy egsilmezdir. Ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilip halkymyza gowuşmagy watandaşlarymyzyň her biri üçin şatlykly waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň täze neşir edilen «Hakyda göwheri» atly kitaby «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza peşgeş berlen iň bir gymmatly sowgatlaryň biridir. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen bu kitap Milli Liderimiziň ajaýyp eserleri bilen birlikde diňe ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde uly gyzyklanma bilen okalýan kitaplaryň birine öwrüler.

Hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragy barada aýdanlaryndan

Magtymguly baý many-mazmunly şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan beýik akyldardyr. Adamzat paýhasynyň ägirtleriniň hatarynda pähime-paýhasa, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige çäksiz sarpa goýan dana Pyragynyň jöwher şygryýeti külli adamzat üçin gymmatly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýäsidir. ***

Belent ynsanperwerligiň nusgasy

«Pelegiň çarhy gowy adamlaryň hasabyna aýlanýar», «Eger-de adamlar birek-birege rehimdarlyk etmegi bes etseler, Ýer ýüzünde adam kowmy hem ýaşaýşyny bes eder». Nähili çuňňur edebi-filosofik suratlandyrmalar, dürdäne pikirler! Olar Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan alyndy. Bu pikirleriň logiki dowamy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabyndaky: «Ynsanlar her pursatda bagtyň, her günde özüne mahsus rysgyň, her ýagşy hereketde berekediň bardygyna ynanyp, uýup hem-de şol aýratynlygy duýup ýaşaýar» diýen jümlede öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda hossarlyga we bejergä mätäç ýaşajyk raýatlar hakynda edilýän aýratyn aladalar ynsana ýagşylyk etmegiň açyk-aýdyň mysaly bolup durýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýurdumyzda haýyr-sahawat işlerini durmuşa geçirmekde oňyn tejribe toplandygyny bellemek gerek. Gazna dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky hemaýata mätäç çagalara hem ýardam-goldaw berýär. Gaznanyň hasabyna daşary döwletlere, şol sanda Palestina, Türkiýe, Russiýa, Owganystana, Ukraina, Täjigistana ynsanperwerlik ýükleri ugradyldy.

Bitaraplyk — milli ýörelgämiz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan däp bolan medeni gatnaşyklary berkitmek arkaly, parahatçylygy, halklaryň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy goldamaga aýratyn ähmiýet berýär. Eziz Diýarymyzyň «Açyk gapylar» syýasaty dünýäniň islendik ýurdy bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmaga uly mümkinçilikleri açýar. Bitarap döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginden ybaratdyr. Daşary döwletler, hususan-da, sebitiň ýurtlary we goňşy ýurtlar bilen syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň yglan edilmegi, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň 69-njy mejlisinde dünýä bileleşigine agza döwletleriň 193-siniň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasynyň ikinji gezek kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara derejesinde at-abraýynyň ýokarydygyny, parahatçylygy ýaýbaňlandyrmak ugrundaky tagallalarynyň dünýä ýüzünde goldanylýandygyny görkezý

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde saglyk sarpasy

Ähli döwürleriň şahyry bolan Magtymguly Pyragynyň paýhasa ýugrulan dürler hazynasy türkmen halky üçin bahasyna ýetip bolmajak çuňňur many-mazmunly mirasdyr. Şahyryň edebi mirasy pelsepewi baýlykdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem dana şahyryň döredijiliginiň halkara derejesinde ebedileşdirilmegi, eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi onuň parasatly pikirleriniň we ynsanperwer garaýyşlarynyň bütin dünýä ýalkym saçýandygyny äşgär edýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy» diýip belleýär. Dana şahyryň döredijilik örüsi örän giň, köptaraply we çuňňur many-mazmunlydyr. Dünýä paýhasyna ägirt uly goşandyny goşan Magtymguly Pyragynyň nusgawy döredijiliginde hem ynsan saglygy, sagdyn durmuş ýörelgeleri aýratyn ähmiýete eýedir. Beýik şahyryň şygyrlarynda ynsanyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy saglyk, ýaşaýşyň diregi bolan sagdynlyk, saglygy gorap saklamak, oňa sarpa goýmak ýaly pikirler eriş-argaç bolup geçýär.

Baş maksat — saglygy dikeltmek

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy guwandyryjy sepgitlere ýetdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zamanyň ösen lukmançylyk enjamlary bilen doly üpjün edilen, döwrebap saglyk öýleriniň, köpugurly hassahanalaryň, täze sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Ýetilen belent sepgitler netijesinde ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri barha köpelýär, hili ýokarlandyrylýar. Ak mermerli paýtagtymyzdaky sebitde deňi-taýy bolmadyk 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi dürli kesellerden soňra näsaglaryň saglygyny dikeltmäge niýetlenendir. Bu merkezde halkymyz öz saglyklaryny berkitmekde döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň ýokary hilli hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Uly ýaşly adamlar, çagalar ýürek-damar, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, daýanç-hereket ediş we beýleki beden agzalarynyň dowamly kesellerinden, operasiýalardan soň saglyklaryny dikeldýärler. Bu ýerde dowamly kesellerden, operasiýalardan soň dürli ýaşdaky adamlaryň saglygyny ýatymlaýyn ýa-da gatnaw şertlerinde dikeltmek we berkitmek işlerini alyp barmak üç

Onkologiýa merkeziniň giň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dünýä derejeli ösüşleriň gazanylýandygynyň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäherinde gurlup ulanylmaga berlen saglyk merkezlerinde ynsan saglygyny goramaga we keselleriň öňüni almaga ýokary derejeli şertler bar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet Maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, ýagny innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna, tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek ugrunda bimöçber tagallalar edilýär. Arkadag şäheriniň Onkologiýa merkezinde raýatlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak üçin döredilen mümkinçilikler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Arkadag şäheriniň Onkologiýa merkeziniň binasy 3 gatly bolup, 150 orunlykdyr. Merkezde kabul ediş we maslahat beriş, palliatiw bejergi, endoskopiýa, şöhle bilen anyklaýyş we funksional anyklaýyş, barlaghana, aýal keselleri, süýt mäziniň çiş keselleri, anesteziologiýa we reanimasiýa, operasiýa geçirilýän, zyýansyzlandyryş, patomorfologiýa barlaghana, umumy onkologiýa, himiýa terapiýa, gematologiýa, şöhle bilen bejeriş ý

Sorag-jogap

Çaga nähili kömek etmeli? «Näme üçindir käte çybyn, ary çaksa-da deri şikeslenip, ýara döreýär we uzak wagtlap bitmeýär. Şeýle ýagdaýyň öňüni almak üçin mör-möjek çakan çaga nähili kömek etmeli? Lukmana ýüz tutmak hökmanmy?».

Türgenleriň iýmitinde witaminleriň we mineral maddalaryň ähmiýeti

Bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmak adam bedeniniň fiziki işjeňligini ýokarlandyrýar. Bedeniň işjeňliginiň ýokarlanmagy kadaly iýmitlenmegi, ýagny has köp uglewodlary, aminokislotalary we beloklary, makro-mikroelementleri talap edýär. Türgenleriň kadaly iýmitlenmegi bolsa, barha artýan ýüklenmelere çalt uýgunlaşmaga, dikelişi çaltlaşdyrmaga we sport türgenleşiginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Iýmit we iýmit düzümi adam bedeninde örän möhüm ähmiýete eýedir. Yzygiderli sport türgenleşikleri üçin köp mukdarda energiýa sarp edilýär. Ýaryşlar metabolik prosesleri çaltlaşdyrýar. Ýokary netijeli türgenleşik üçin bedeniň kaloriýa, makro-mikroelementlere bolan talabyny doly kanagatlandyrmaly we şeýle hem oňyn duýgularyny oýandyrmalydyr. Çünki ruhubelentlik sportda ýokary netijeler üçin möhümdir. Artykmaç iýmitlenmek türgenler üçin zyýanlydyr. Artykmaç iýmit bedende iýmitiň siňmeginiň bozulmagyna ýa-da agramyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Şonuň üçin türgenler jynsyna, meşgullanýan sport görnüşine we ýaşyna görä iýmitlenmelidirler. Türgenleriň iýmitlenmegi türgeniň özüne berýän ýüklenmelerine görä bolmaly. Türgenlere esasy haýsy witaminler we minerallar zerur?

Insult nähili kesel?

Habarçymyz kelle beýnisinde ganaýlanyşyň bozulmagy bilen häsiýetlendirilýän kesel — insult barada Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Maýa Berdiýewa bilen söhbetdeş boldy. — Insult nähili kesel? Onuň döremegine näme sebäp bolýar?

Adam näme üçin üşüdýär?

Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň ilkinji saglygy goraýyş kömegi boýunça orunbasary, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Ogulbagt Taňňyýewa habarçymyz bilen söhbetdeşlikde diňe bir syrkawlarda däl-de, eýsem, sagdyn adamlarda hem duş gelip bilýän alamat — üşütme bilen baglanyşykly sowallara jogap berýär. — Üşütme — bu nähili alamat?

Böwrekler sagdynmyka?

Žurnalist Narjan Kasymowa Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň umumy hirurgiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Akmyrat Abdyllaýew bilen söhbetdeşliginde böwrekleri sagdyn saklamagyň, olaryň keselleriniň öňüni almagyň ugur-ýollary bilen baglanyşykly meseleler gozgalýar. — Adama böwrekler näme üçin gerek? Bu agzanyň ynsan ýaşaýşynda nähili ähmiýeti bar?

Adam bedeni barada gyzykly maglumatlar

Adam bedeni köp sanly agzalardan ybaratdyr. Bedeniň iň uly agzasy iýmit siňdiriş ulgamyna degişli bolan inçe içegedir. Onuň uzynlygy 4 metre barabardyr.

Arkadaky agyry nämäni habar berip biler?

Habarçymyz Narjan Ilmyradowa diňe bir syrkawlarda däl-de, eýsem, sagdyn adamlarda-da döräp bilýän alamat — arkadaky agyry bilen baglanyşykly soraglara jogap bermegi Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara newrologiýa merkeziniň fizioterapiýa bölüminiň müdiri Göwher Baýramowadan haýyş etdi. — Arkadaky agyry nähili ýagdaýlarda arkaýyn bolmaga esas berip, nähili ýagdaýlarda lukmana ýüz tutmalydygyny duýdurýar?

Dünýä lukmançylygynyň görnükli alymy

Abu Aly ibn Sinanyň ömri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen türkmen topragy, türkmen halkynyň taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Ibn Sina (Lukman Hekim) özüniň ýaşap geçen döwründe ýokary atlara mynasyp bolýar: «Hakykatyň güwäçisi», «Alymlarbaşy, beýik dana», «Arap Aristoteli», «Alymlaryň baştutany», «Kliniki farmakologiýanyň atasy», «Lukmançylygyň atasy». Alym-filosof ylym babatda öz döwrüne mahsus bolmadyk, ýagny dersleriň arasyndaky arabaglanyşykly çemeleşmäniň amaly tejribä ornaşdyrylmagyny ündäpdir. Ibn Sina diňe lukmançylygy däl, eýsem filosofiýany, astronomiýany, matematikany we beýleki ylmy ugurlary bilelikde öwrenipdir. Alym asman jisimleriniň hereketi bilen adamyň saglyk ýagdaýynyň arasyndaky arabaglanyşygyň bardygyny düşündiripdir we bejergi üçin astronomik aýratynlygyň oňaýly şertlerini peýdalanypdyr. Matematikany hasapnamalary we ölçegleri çykarmak, fizikany bolsa adam bedeninde bolup geçýän fiziologik hadysalary düşündirmek üçin ulanypdyr.

Uzak ýola çykylanda...

Ýurdumyzyň dürli künjeklerine, daşary ýurtlara syýahata, dynç almaga ýa-da iş saparyna gidilende ýanyň bilen çalşyrgyç eşik, iýmit önümlerini almak ýeterlik däldir. Ýol dermanhanajygyny götermek öýden daşarky ýaşaýyş şertlerinde saglygyňy goramakda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Howa-klimat, wagt guşaklygy, iýmit, umuman ýaşaýyş-durmuş şertleri dürli sebitlerde dürli bolup, başga ýerden gelen adamyň bedeniniň olara uýgunlaşmagy üçin wagt gerek bolýar. Meselem, sowuk klimatly ýurtlarda yssy howaly ülkeden gelen adamyň bedeniniň aşa sowamagy hem-de munuň netijesinde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagy mümkin. Alys ýere gidilýän ýolda ýa-da barlan ýerde ilkinji lukmançylyk kömegini almaga zerurlyk ýüze çykyp bilýär. Uzak ýola gatnaýan sürüjilerde şeýle ýagdaýlara duçar bolmak töwekgelligi has ýokary bolýar.

Dişler sagdyn görünse-de...

Dişleriň sadap ýaly berk, dür ýaly ak bolup, sapaga düzülen hünji ýaly owadan görünmegi entek agyz boşlugynyň sagdyndygyny aňlatmaýar. Diş etiniň keselleriniň öňüni almak hem agyz boşlugyny sagdyn saklamakda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Stomatolog lukmanlaryň iş tejribesinde köp duş gelýän gingiwit, parodontoz ýa-da parodontit «parodontyň keselleri» diýlip atlandyrylýar. Parodont dişi gurşaýan dokumalar toplumy bolup, ol: √ diş etinden;

Möwsümleýin kesellerden goranalyň!

Gyş paslynyň gelmegi bilen howa sowap başlaýar. Howanyň sowamagy, pasla görä geýinmezlik, bedeniň üşemegi bolsa immunitetiň peselmegine, dürli ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna itergi berip bilýär. Gyşda ýiti respirator ýokançlaryň öňüni alyş kadalary berjaý edilmedik ýagdaýlarynda dem alyş ýollarynyň keselleriniň ýüze çykmagyna getirýär. Bu bolsa ýokançlaryň dem alyş ýollaryna aralaşmagyna we soňra olary zeperlendirip, keseliň alamatlarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Islendik wirusly ýokançlar, ylaýtada, çagalarda ýerli we umumy immuniteti gowşadýar. Şoňa görä-de wiruslaryň üstüne bakteriýa ýokançlarynyň goşulmak ähtimallygy ýokarlanýar. Grip, paragrip, rinowirus, adenowirus ýaly wiruslar dümewi, ýiti respirator wirus ýokanç kesellerini ýüze çykarýar.

Süýjüli diabet we arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy

Süýjüli diabet we arterial gan basyşynyňýokarlanmagy (gipertoniýa) — bu, köplenç, biri-biri bilen baglanyşykly geçýän, gaýra üzülmelere getirýän kesellerdir. Arterial gipertoniýa süýjüli diabetli näsaglarda başga keselli näsaglar bilen deňeşdirilende 2 esse köp duş gelýär. Arterial gipertoniýa süýjüli diabetli näsaglaryň saglygyna düýpli täsirini ýetirýär, ýagny bu näsaglarda ýürek-damar, peşew çykaryş ulgamynda gaýra üzülme ähtimallygy has ýokary bolýar. Gan basyşynyň ýokarlanmagyna, ýagny arterial gipertoniýa getirýän esasy sebäpleriň biri-de insulinorezistentlilikdir. Insulinorezistentlilik — munuň özi adam bedeniniň insulin gormonyna duýgurlygynyň peselmegidir. Şonuň netijesinde dokumalarda gandaky glýukozany kabul etmeklik ukyby peselýär. Insulinorezistentlilik, esasan hem, semiz adamlarda köp duş gelýär. Bu ýagdaý birbada ýüze çykmaýar, diňe metaboliki bozulmalar başlanan wagty bilinýär. Adamyň beden-agram indeksi 35-40%-den ýokary bolan ýagdaýynda insuline duýgurlyk 40%-e çenli peselýär. Insulinorezistentlilik giperinsulinemiýa (ganda insuliniň mukdarynyň ýokarlanmagyna) getirýär. Insulin gandaky kalsiý we natriý duzlarynyň öýjügiň içine geçmekligine täsir edýär. Olar hem öz gezeginde gan damarlarynyň ýylmanak myşsalarynyň ýygrylyjyl