"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Halkara ylmy maslahat: kämil innowasion usullar üns merkezinde

Tutuş Ýer yklymynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de ynsan saglygy bilen berk baglanyşykly sportuň ösüşine, halkymyzyň beden, ahlak, ruhy taýdan sagdyn ýaşamagyny gazanmak boýunça ýerine ýetirilýän işlere, bu ugurdan ýetilen sepgitlere gyzyklanma ýyl-ýyldan artýar. Bu babatda ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýän döwletleriň sany barha köpelýär. Diýarymyzda her ýylda dünýä ýurtlarynyň ençemesiniň saglygy goraýyş işgärleriniň, hünärmenleriniň, alym lukmanlarynyň gatnaşmagynda halkara ähmiýetli çäreleriň köp sanlysynyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ýylda guralýan «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy-maslahata saglygy goraýyşda öz gazananlaryny görkezmek, biziň ýurdumyzda bu ugurdaky ösüşleriň netijeleri bilen tanyşmak, lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça maslahatlaşmak maksady bilen köp döwletden wekilleriň gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygyna güwä geçýär.

Sport — dostlugyň we parahatçylygyň ýoly

So­rag-jo­gap

Enjam haçan ulanylýar? «Ýüregim haýal urýar. Şeýle ýagdaýda gartaşan adamlara «kardiostimulýator» diýlip atlandyrylýan enjamyň goýulýandygyny eşitdim. Maňa-da şu enjamy goýdurmak üçin lukmana ýüz tutmagy maslahat berdiler. Men entek 25 ýaşymda. Maňa bu enjamy goýdurmak ir dälmi?».

Witaminler näme üçin gerek?

Mälim bolşuna görä, immun ulgamy bedeni bakteriýalaryň, mikroblaryň, wiruslaryň we beýleki kesel dörediji mikroorganizmleriň zyýanly täsirinden goraýar. Bu ulgam özüniň zeperlenen, şoňa görä onkologiki keselleriň döremegine itergi berip bilýän öýjüklerini ýok etmäge ukyplydyr. Immunitet çylşyrymly gurluşa eýe bolup, onuň öz işini kadaly ýerine ýetirmegi üçin witaminleriň gerekdigi doly subut edilendir. Muňa göz ýetirmek üçin ilki bilen immunitetiň möhüm düzüm bölegi bolan beloklaryň bedende nähili funksiýany ýerine ýetirýändigine seredip geçeliň. Beloklar:

Tagamly we peýdaly önümler

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde tagamly we peýdaly nygmatlar bolan gawunyň, garpyzyň, kädiniň biologiki aýratynlyklary, tebigy gory, ýaýrawy, himiki düzümi, dermanlyk çig maly, häsiýeti barada giňişleýin gürrüň berilýär. Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň barlaghana bölüminiň lukmany Bahar Hanmedowa dünýäde belli gymmatly kitapdan ugur alyp, bakja önümleri bolan gawunyň, garpyzyň, kädiniň saglyga täsiri barada gürrüň berýär. Gawun

Sürüji ýola çykanda...

Uzak ýola çykanyňyzda ýa-da iş gününiň ahyrynda öýüňize barýarkaňyz aşa ýadawlykdan, argynlykdan uky basmarlaýandyr, süňňüňiz agralýandyr, ulagy dolandyrmakda ünsüňizi jemlemek kynlaşýandyr. Eýsem, şeýle ýagdaýlardan nähili baş alyp çykmaly? Bu maslahatlar size ýadawlykdan dynmaga, ünsüňizi jemlemäge kömek eder. 1. Haýal etmän, köçäniň gyrasyna çykyp, ulagy saklaň. Daşary çykyň-da, gerniň. Alymlaryň gelen netijelerine görä, gerinme, boýnuňy we biliňi saga-çepe öwürme, öňe egme, yza gaňyrma, dyzlaryňy epip oturma hem-de turma, ýüz-gözüňi hereketlendirme, mahlasy, maşklar siziň ätiýaçdaky energiýaňyzyň herekete gelmegine itergi berer.

Uzak ýaşamagyň syry

Sagdyn hem uzak ýaşamagy her bir ynsan arzuw edýär. Gadym döwürlerden bäri adamlar onuň syryny öwrenmäge çalyşýarlar. Köp lukmanlar, alymlar bu barada dürli pikirleri öňe sürýärler. Saglygyňy goramak, uzak ýaşamak barada ýazmadyk şahyr, akyldar ýok diýsek ýalňyş bolmaz. Umuman aýdanyňda, sagdyn hem uzak ýaşamak üçin, esasan, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermelidigi düşnükli. Bu babatda, adamyň edep-terbiýesiniň, häsiýetiniň, gündelik durmuş endikleriniň, ykbalynyň hem uly täsir ýetirýändigine düşünmek kyn däl. Dünýäniň beýleki ýurtlary bilen bilelikde, Türkmenistanda hem uzak ýaşaýan ynsanlar köp. Ynha, ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallara syn etseň, uzak ýaşly ildeşlerimiz barada yzygiderli guwançly gürrüňler edilýär. Olaryň uzak ýaşamagyň syrlary baradaky gürrüňleri okyjylara ýetirilýär. Geliň, olaryň käbiriniň gürrüňleri bilen tanşalyň.

Gijeki görüş peselende...

Gözüň torly perdesiniň pigmentli abiotrofiýasy nesil yzarlaýan kesel bolup, ol torly perdäniň taýajyk gatynyň distrofiýasy (bedendäki süýümleriniň alyş-çalyş hadysalarynyň bozulmagy netijesinde keselleriň ýüze çykmagy) bilen bilelikde geçýär. Ilkinji gezek abiotrofiýanyň alamatlary 1857-nji ýylda alym Doners tarapyndan beýan edilipdir. Mälim bolşy ýaly, torly perdäniň düzüminde iki sany duýgur reseptor öýjügi bar. Kolbajyklar, esasan, görüş ýitiligine, şeýle hem, reňkleriň kabul edijiligine jogap berýär. Taýajyklaryň ýeterlik bolmadyk yşyklandyryşda görşüň saklanylmagyna jogap berýär, ýagny gijeki görşe jogap berýär.

Haçan lukmana ýüz tutmaly?

Adamyň nerw ulgamy iki bölümden, merkezi we çetki (periferiki) bölümlerden ybarat bolup, näsaglarda iki bölümiň hem zeperlenmesi gabat gelýär. Şeýle ýagdaýda, elbetde newropatolog lukmana ýüz tutmak gerek. Nerw ulgamynyň işjeňliginiň bozulmagy dürli keselleriň döremegine we gaýra üzülmelere getirip bilýär. Newropatolog lukmany hökmünde öz tejribämizde ýygy-ýygydan näsaglarda şu alamatlara — kellagyra, çakyza, newralgiýa, nerw kökjagazlarynyň gysylmagyndan döreýän alamatlara, oňurgara diskleriň degeneratiw üýtgemeleri netijesinde ýüze çykýan agyrylara, hemişe ýadawlyk duýgusyna, ukynyň bozulmagyna, myşsalaryň gowşaklygyna duş gelýäris. Şeýle hem neýro-ýokançlar, garaguşagyry keseli, ýaýran skleroz we beýleki keseller, Alsgeýmeriň keseli, Parkinson keseli, Turetta sindromy, paniki hüjümler, beýniniň damar keselleri: insultlar we tranzitor işemiki hüjümler hem duş gelýär.

Infarktyň öňüni alyp bolýandyr

Bedene suw ýetmezçilik edende...

Suw adam, şol sanda çaga bedeniniň ýaşaýşyny üpjün edýän möhüm serişdeleriň biridir. Suwsuz ýaşaýyş mümkin däldir. Çaga bedeni suw we suw çalşygy babatda, ulularyňkydan birnäçe aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Olar, esasan-da, şular: çaga bedeniniň köp bölegi suwdan ybarat, şeýle-de çaga, näçe ýaş bolsa, şonça-da bedeniniň köp bölegi suwdan durýar. Çaga bedeninde suw molekulalary uzak saklanmaýar, ýagny olar ortaça 4-5 gün saklanýar, şol bir wagtyň özünde uly adamlaryň bedeninde suw molekulasy 10-15 gün saklanýar. Bu aýratynlyklar çaga bedeninde suw çalşygynyň has çalt geçýändigini alamatlandyrýar, netijede bolsa, bu babatda islendik bozulmalaryň, ýagny bedende suwuň ýetmezçiliginiň ýa-da onuň artykmaçlygynyň agyr ýagdaýa getirýändigini görkezýär.

Kislorod bilen baýlaşdyryjy bejergi

Adam bedenini kislorod bilen üpjün etmegiň iň ýokary netijeli usuly — giperbariki oksigenasiýa (GBO), ýönekeýleşdirilip aýdylanda oksigenobaroterapiýa XIX asyryň ortasynda käbir ýurtlaryň lukmançylygynda ulanylyp başlanylýar we XX asyra çenli köp döwletleriň lukmanlarynyň iş tejribesine girizilýär. Bu usul biziň ýurdumyzda hem üstünlikli ulanylýar. Biziň merkezimizde öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýasynyň önümi bolan, iň döwrebap tilsimatlar boýunça ýasalan barokamera syrkawlara hyzmat edýär. Giň meýdanly bu barokamera şol bir wagtda näsaglaryň altysyna rahat oturyp, bejergi almaga, bejerişiň geçirilýän wagtynda kino, konserte tomaşa etmäge, saz diňlemäge mümkinçilik berýän oňaýly kürsüler hem-de telewizor bilen üpjün edilendir.

Semizlik

Semizlik — bu bedende ýag dokumasynyň artykmaç toplanmagy bolup, özbaşdak ýa-da dürli keselleriň esasynda ýüze çykýan keseldir. Semizlik süýjüli diabet, howply çişiň käbir görnüşleri, önelge ulgamynyň işiniň bozulmagy ýaly agyr keseller bilen bile geçip, ýürek-damar keselleriniň döremeginde esasy sebäpleriň biri bolup durýar. Semiz adamlarda süýjüli diabet, iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleri, howply täze döremeler ýygy duş gelýär. Şeýlelikde, semizlik, ýagny artyk agramlylyk näsaglaryň gündelik ýaşaýşynyň hiliniň erbetleşmegine, ömrüniň dowamlylygynyň gysgalmagyna getirýär.

Her damjasy şypaly suw

Ýeriň çuňlugyndan çykýan gyzgyn ýa-da ýyly mineral suwlaryň bejeriji häsiýetleri irki döwürlerden bäri mälimdir. Köplenç, bu tebigy guýularyň suwlary ynsan saglygy üçin peýdaly dürli minerallara baý bolýar. Ýerden çykýan suwlaryň gyzgynlygynyň dürli derejede bolmagynyň sebäpleriniň biri-de olaryň çuňluklardan syzylyp gaýdýanlygydyr. Dünýäde şeýle suwlaryň gyzgynlygynyň 97 derejä ýetýänleri hem bar.

Näme üçin öňüni alyş sanjymy edilýär?

Güýz paslynda möwsümleýin wiruslaryň döredýän kesellerinden has köp duş gelýäni ýiti respirator wirusly ýokançlar we dümewdir. Bu kesellere garşy göreş immuniteti pugtalandyrmak, näsaglar bilen durmuş galtaşyklaryny çäklendirmek, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, ýaşaýyş üçin derwaýys maddalara baý önümler bilen iýmitlenmek, hereket işjeňligini saklamak, umuman, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip ýaşamak, öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek boýunça çäreleri öz içine alýar. Keselleriň öňüni alyş sanjymlary immunitetiň ýokançlara durnuklylygyny, kesel dörände bolsa oňa garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Halk köpçüliginiň arasynda: «Immuniteti berk bolan adamlar kesellemeýärler» diýen pikir ýörgünli. Başda-da bellenilişi ýaly, immunitetiň berk bolmagy bedeniň kesellerden goraglylygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ýöne munuň özi berk immunitetli adamlara wiruslaryň ýokuşmaýandygyny aňlatmaýar. Kesel dörediji mikroorganizmler howa-damja ýoly, şeýle-de näsag hem-de onuň ulanan zatlary bilen durmuş galtaşyklary arkaly islendik adamyň bedenine aralaşyp, kesel döredip bilýärler.

Parahatçylykly ösüşiň dabaralanmagy

Dost-doganlykly hem-de parahatçylykly ösüş ýoluny saýlap alan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy barha artýar. Ak mermerli paýtagtymyza Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň sapar bilen gelmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda saparda bolan belent mertebeli myhman bilen geçiren duşuşyklarynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň sebitde we dünýäde hoşniýetli hyzmatdaşlyklary ösdürmäge, parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalar esasynda yzygiderli berkidilýändigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmany Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrmaga goşýan uly şahsy goşandy üçin «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglady.

Lukmançylyk klasteri: innowasion tehnologiýalar, giň mümkinçilikler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly başlangyçlary netijesinde gojaman Köpetdagyň eteginde bina bolan Arkadag şäherinde döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Eziz Diýarymyzyň ykdysady ösüşlerini dünýä ýaýýan sebitde ilkinji sanly tehnologiýalaryň merkezi bolan Arkadag şäheri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ykdysady ösüşlerini bütin dünýä ýaýmak bilen Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň tebigatyň ajaýyp künjeginde bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döredýän giň mümkinçilikleriniň aýdyň beýanydyr.

«Arkadag» ýyldyzy — bagtyň şuglasy

Bagtyýarlygyň mekany bolan eziz Diýarymyzda türkmen halkyna yzygiderli buýsançly wakalaryň şaýady bolmak bagty miýesser edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylmagynyň şanly bir ýyllygynyň baýramçylygy hem uly dabara beslendi. Arkadag şäheri häzirki wagtda ilatyň ýaşamagy üçin ýokary amatlylygy bilen tapawutlanýan, dürli derejeli ylmy-medeni ojaklaryň, saglyk merkezleriniň we beýleki döwrebap desgalaryň mekany hökmünde halkymyzyň ýürek buýsanjyna öwrüldi. Dünýäniň we milli binagärligiň, bezegiň hem-de tehnologik üpjünçiligiň iň gowy nusgalaryny özünde jemleýän Arkadag şäheri ýurdumyzda ekologik abadançylygy saklamaga, arassa tebigy gurşawy döretmäge, döwrebap, ýokary derejeli durmuş şertlerini kemala getirmäge uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýmaklary sebitde ýeke-täk «akylly» şäheriň – Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli uly sowgat boldy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan täze şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde halkymyzy buýsandy

Diýarymyzda sahawatly işler rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň martynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy näsag çagalara hemmetaraplaýyn hemaýat etmek arkaly ynsanperwerlik häsiýetli uly işleri durmuşa geçirýär. Gazna döredilen wagtyndan bäri öňde goýlan maksatlary hem-de wezipeleri amala aşyrmak ugrunda giň gerimli işleri alyp barýar. 2021-nji ýylyň tomsunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen «Tiz kömek» awtoulaglary, Mary welaýat çagalar hassahanasyna «Savina» kysymly emeli dem beriş enjamy sowgat berildi. Şeýle hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrap hassahanasyna, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap hassahanasyna, Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine, Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna, Mary welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine we paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow ad

Halkyň saglygy — döwlet berkararlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda halkyň saglygy baradaky alada ileri tutulýan, möhüm döwlet wezipeleriniň derejesine çykaryldy. Eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasynyň döredilmegi bu wezipäniň üstünlikli çözülýändigini aýdyň görkezýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň özboluşly milli nusgasy halk tebipçiliginiň köpasyrlyk tejribesini hem-de dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynyň öňdebaryjy ýörelgelerini özüne birleşdirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda 1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda kabul edilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça köptaraply işler ylmy esasda üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy maksady, ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn giň mümkinçilikleri, şertleri üpjün etmek, saglygy goraýşy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribelerine esasla