Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri

20 Iýul 2022
608

Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllyk toýuna barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz elmydama halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezinde. Munuň şeýledigine şu hepdäniň başynda paýtagtymyzda Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatyň geçirilmegi-de aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran wekilçilikli forumyna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, bilermenler, maýadarlar, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu möhüm çäre ýurdumyzyň halkara üstaşyr ulag geçelgelerini ýaýbaňlandyrmakda, özara arabaglanyşygy we ösüşi gazanmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri ýurtlary we halklary birek-birege has-da ýakynlaşdyrýar. Şonuň esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň amatly çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan sebit hem-de yklym ýurtlarynyň arasynda ulag-üstaşyr hyzmatlaryň ösdürilmegine örän jogapkärli çemeleşýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Ýurdumyzyň ýollaryň çatrygynda ýerleşmegi, ygtybarly energetika we ulag gatnawlarynyň netijeliligini üpjün edýän iri halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi ählumumy durnukly ösüşiň we dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilendir» diýlip nygtalýar.

«Esger».