Ýaşasyn türkmen-özbek dostlugy!

18 Iýul 2022
603

Türkmen-özbek halklarynyň taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň özeni medeni we ruhy däpleriň umumylygyna esaslanýar. Birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygy özara iki ýurduň hem-de tutuş sebitiň abadançylygynyň maksatlaryna gönükdirilendir.

Türkmen-özbek syýasy gatnaşyklarynda abraýly halkara we sebit düzümleriniň — BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň, YHG-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Taraplar esasy halkara meseleler boýunça garaýyşlaryň meňzeşligine eýe bolmak bilen, dünýä giňişliginde birek-biregi goldaýarlar. Munuň özi diňe bir biziň sebitimizde däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem anyk netijeleri gazanmaga oňyn täsirini ýetirýär.

Mähri AGAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.