Türkmenistan we Eýran iki goňşy ýurduň arasynda ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki söwda merkezini döretmek barada ylalaşdylar.
Bu baradaky ylalaşyk Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýewiň Eýranyň Senagat, magdan we söwda ministri Seýed Reza Fatemi-Amin bilen sişenbe güni Tähranda geçiren duşuşygynyň dowamynda gazanyldy.