Maryda halkara mediaforum geçirildi

22 Iýun 2022
752

Şu gün Medeniýet hepdeliginiň çäginde Mary şäherindäki adybir myhmanhanada sanly ulgam arkaly halkara mediaforum geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ozal hem habar berlişi ýaly, halkara derejeli çärelerdir duşuşyklaryň geçirilmegi Marydaky hepdeligiň esasy aýratynlyklarynyň biridir. «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň halkara hyzmatdaşlykdaky orny» atly halkara mediaforumda edilen çykyşlarda bu hyzmatdaşlyga ýokary baha berlip, onuň geljekki wezipeleri kesgitlenildi.

«Türkmenistan»