Halkara maslahat geçirildi

28 Oktýabr 2021
1288

Paýtagtymyzda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat geçirildi. 27-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan bu halkara maslahat “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” korporasiýasy tarapyndan hem-de “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraldy. 30-dan gowrak döwletden 100-den gowrak kompaniýanyň, iri halkara guramalaryň we banklaryň wekilleri sanly ulgam arkaly maslahata goşuldy.

Maslahatyň umumy mejlisi ählumumy energiýa ulgamynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki ösüşine bagyşlandy. Türkmen tarapyndan çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz bu strategik ulgamda halkara hyzmatdaşlyga ählumumy abadançylygy, rowaçlygy we gülläp ösüşi kesgitleýän ýagdaýlaryň biri hökmünde garaýar.

«Ahal durmuşy».