Ynsanperwerligiň belent nusgasy

28 Oktýabr 2021
1167

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek, ony halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek baradaky tagallalary bilen ýurdumyzyň kanunçylygynda üstünlikli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Türkmenistan birnäçe halkara konwensiýalaryna we şertnamalaryna goşulyşdy.

Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde ilkinjileriň hatarynda raýatsyzlyk baradaky esasy Konwensiýalara, ýagny BMG-niň «Apatridleriň derejesi barada» we «Raýatsyzlygy azaltmak barada» Konwensiýalaryna goşulyp, olardaky kadalary milli kanunçylygymyza, ýagny «Migrasiýa hakynda», «Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna ornaşdyrdy. Munuň özi ýurdumyzyň migrasiýa ulgamynyň hukuk binýadyny has-da berkitdi.

Amanmyrat MYRATBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.