Türkmen halkynyň Milli Lideri “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” XV halkara ykdysady forumyna gatnaşdy

17 Maý 2024
233

16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy, şeýle hem birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Şu ýyl “KazanForuma” 80-den gowrak döwletiň, şol sanda YHG-na agza ýurtlaryň 40-synyň, Russiýanyň sebitleriniň 83-siniň wekilleri gatnaşýarlar. Ol “Ynanyşmak we hyzmatdaşlyk” şygary astynda geçýär.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.