Türkmenistan – Russiýa Federasiýasy: özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär

14 Aprel 2022
787

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, ýurdumyza iş sapary bilen gelen Hökümet Başlygynyň orunbasary A. Owerçuk bilen duşuşyk geçirildi. Wise-premýer, daşary işler ministri R. Meredowyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda 8-nji aprelde geçirilen telefon söhbetdeşliginde gozgalan meseleler bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.

Soňra duşuşyk giňişleýin düzümde dowam etdi, oňa döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda esasy ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem iki döwletiň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýyna we ösüş mümkinçiliklerine degişli meseleler, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň jemleri girizildi. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, elektrik energetikasy, ulag-kommunikasiýa ulgamlary, oba hojalyk pudagy we beýleki birnäçe ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer ulgamlarda netijeli häsiýetini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen belläp, ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesi boýunça köpýyllyk hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar. Iki ýurduň işewürler toparlarynyň hem-de telekeçileriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhmanlar RF-niň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda ornuny giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini hem-de eýýäm birnäçe belli rus kompaniýalarynyň üstünlikli işleýändiklerini tassyklap, hyzmatdaşlyk boýunça anyk tekliplerini beýan etdiler.