Berkararlygyň baş binýady

15 Maý 2024
162

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy diňe bir Garaşsyzlygyň gazananlaryny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Döwletimiziň mizemez hukuk binýady bolmak bilen, Konstitusiýa halkymyzyň agzybirlik, demokratiýa, ynsanperwerlik, watançylyk hem-de adalatlylyk baradaky arzuwlarynyň beýany bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halky geçmişiň we häzirki döwrüň üýtgewsiz baglanyşygyna daýanmak bilen, röwşen geljege tarap öz ýoluny saýlap alyp, ähli ýurtlaryň hem-de halklaryň ösüşiniň bähbidine oňyn başlangyçlary ynamly öňe sürýär hem-de durmuşa geçirýär. Bu asylly ýörelgeler häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine täzeçil çemeleşmäni görkezýär.

Ýurdumyzyň Esasy Kanuny döwlet gurluşynyň iň gowy milli we dünýä tejribesini, umumadamzat gymmatlyklarynyň ýörelgelerini özünde jemläp, esasy aýratynlyklaryny saklamak bilen bir hatarda, çeýe hukuk guraly bolup durýar, şeýle-de döwrüň talaplaryny hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny hasaba almak bilen yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan edilen parahatçylykly ýaşamak, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatynyň esasyny düzmek bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny belende götermäge hem-de onuň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

Aýnagözel Orazdurdyýewa,
TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.