Hukuk binýady — ösüşleriň kepili

15 Maý 2024
176

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistan özüniň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan borçlaryna gyşarnyksyz eýerip, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň örüsini has-da giňeldýär. Ata-babalarymyzyň kämil paýhasy, milli edim-gylymlary esasynda şöhratlanyp, Ýer ýüzünde dünýä nusgalyk döwlete öwrülen Türkmenistan bu gün dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine işjeň goşulyp, ählumumy häsiýete eýe bolan giň möçberli meseleleri çözmäge özüniň mynasyp goşandyny goşýar.

Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan bäri ýurdumyz dünýäniň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ählumumy ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen oňyn başlangyçlary bu abraýly gurama tarapyndan uly goldawa eýe bolýar we degişli Kararnamalar arkaly berkidilýär. Ýurdumyz dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde halkara başlangyçlar bilen çykyş edip, giň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Munuň şeýledigini Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem doly şaýatlyk edýär. Bu bolsa biziň müňýyllyklardan gözbaş alýan parahatçylyk, dostluk hem-de ynanyşmak ýörelgelerimizi Ýer ýüzüne giňden dabaralandyrýan we ylalaşdyryjy merkez hökmünde döwletimiziň şöhratyny dünýä doldurýan buýsançly wakadyr.

Orazgeldi ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.