Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

15 Maý 2024
156

14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aýano Sato hem gatnaşdy.

Hormatly Arkadagymyz myhmanlary mübärekläp hem-de olary myhmansöýer türkmen topragynda kabul etmäge şatdygyny belläp, Ýaponiýanyň wekilleriniň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, hususan-da, parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmaga mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça özara hereketleriň oňyn häsiýete eýedigini belledi. Bu ulgamda eýýäm köp işler edildi we häzir hem dowam etdirilýär.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.