Milli Liderimiz Antalýa diplomatik forumynda çykyş etdi

1 Mart 2024
505

Dünýäniň 150-ä golaý döwletinden 4500 töweregi wekili bir meýdança jemlän 3-nji Antalýa diplomatik forumynyň işine resmi taýdan badalga berildi. Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Nest» kongresler merkezinde dowam edýän foruma gatnaşyjylara ýüzlenip çykyş etdi. Çykyşda häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlary öz beýanyny tapýar.

Türkmen we türk alyp baryjylary «Nest» kongresler merkeziniň «Amfiteatr» mejlisler zalynda geçirilýän çäräni açyk diýip yglan edenlerinden soňra, Milli Liderimiz foruma gatnaşyjylara ýüzlenip çykyş etdi.

«Türkmenistan»