Bagtyýarlygyň höziri

15 Aprel 2021
821

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň güwäsidir.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistanda dünýä derejesinde parahatçylygy we howpsuzlygy goramakda hem-de berkitmekde, dünýäniň dürli ýerlerinde ýüze çykýan howplara garşy durmakda, adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda, daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmekde, azyk bolçulygyny döretmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ýola goýmakda uly işler ýerine ýetirilýär. Bu beýik işler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda-da üstünlikli dowam etdirilýär.

Güljan BABANAZAROWA,
Mary şäher kazyýetiniň kazysy.
Beýleki habarlar