"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Türkmenistanyň ilçisi bilen Hytaý ulag-logistika işewürleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň HHR-daky ilçihanasynyň guramagynda we «Huahe International Business Consultancy» kompaniýasynyň ýardam bermeginde «Inhe Pekin» adwokat kompaniýasynda Türkmenistanyň ilçisiniň we hytaý ulag-logistika işewürleriniň arasynda iş duşuşygy we Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny mahabatlandyryş ýöriteleşdirilen çäresi geçirildi. Duşuşyga «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ-nyň (TULM) Pekindäki wekilhanasynyň hem-de Hytaýyň ulag-logistika edaralarydyr kompaniýalarynyň, kommunikasiýa we ulag assosiasiýasynyň, Hytaý-ŞHG synag zolagynyň hem-de Hytaý demirýollary müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistan — Ermenistan: ulag-logistika meselelerine seredildi

21-nji iýunda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýerine ýetiriji direktory Andranik Aleksanýan hem-de bu edaranyň wise-prezidenti Karen Iwanow bilen duşuşdy. Onda Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri ulag-logistika meseleleriniň, hususan hem, Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň ermeni ýük daşaýjylary tarapyndan ulanylmagynyň aýratyn möhümdigini bellediler. Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly döwletiň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Türkmenistan — Wengriýa: hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary kesgitlenildi

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň has işjeňleşen döwründe Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanynyň ýurdumyzda resmi saparda bolmagy döwletimiziň abraýynyň belende galýandygynyň we durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň netijeliliginiň nobatdaky subutnamasydyr. 9-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda geçirilen duşuşyk özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Bu hyzmatdaşlyk ägirt uly kuwwata eýedir. Taraplar şol mümkinçilikleri öz halklarynyň bähbidine ulanmagy göz öňünde tutýarlar. 9-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumynda belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Premýer-ministr Wiktor Orbanyň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanynyň ýurdumyza ilkinji saparynyň netijeli geçjekdigine hem-de özara gyzyklanma bildirilýän giň ugurlar boýunça köptaraply döwletara gatnaşyklary ösdürmäge möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi Koreýanyň deňiz enjamlaşdyryş assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlygy giňelder

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýolbaşçylary bilen Koreýa Respublikasynyň deňiz enjamlaşdyryş assosiasiýasynyň sebitleýin wekili (KOMEA) Kang Nam Ýonyň arasynda gepleşikler geçirildi. Taraplar gämigurluşyk, milli deňiz flotyny we port infrastrukturalaryny döwrebaplaşdyrmakda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada «Orient» habar berdi. KOMEA-nyň wekili türkmen kärdeşlerini gämigurluşyk pudagynda özara hyzmatdaşlygy, hünärmenleri taýýarlamak we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ugurlarynda bar bolan mümkinçilikler bilen tanyşdyrdy.

Habarlar halkara giňişlikde

Türkmen wekiliýeti Nýu-Ýorkda geçirilen çärelere gatnaşdy Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde Terrorçylyga garşy ýokary derejeli hepdeligiň çäginde geçirilen çärelere gatnaşdy. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň terrorçylyga garşy göreş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisinde eden çykyşynda W.Hajiýew Merkezi Aziýada BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy göreş strategiýasyny durmuşa geçirmek üçin täzelenen Hereketleriň meýilnamasynyň mehanizmini güýçlendirmegiň we Duşenbe prosesiniň çäginde sebit ýurtlarynyň tagallalaryny dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Astrahanyň gubernatory: Sebitiň kompaniýalary Hazarda gämi gatnaw ugruny döretmäge taýýar

Astrahanyň gämi gatnawlaryny amala aşyrýan kompaniýalary Hazar deňzinde Astrahan bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň arasynda gämi gatnaw ugrunyň döredilmegine gatnaşmaga taýýar diýip, Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin şenbe güni Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäginde TASS agentligine beren interwýusynda aýtdy. Şeýle hem Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin floty giňeltmek üçin sebitiň mümkinçiliginiň bardygyny belledi.

Türkmenistan — Eýran: medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak ýoly bilen

Aşgabat, 20-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda dabaraly maslahat geçirildi. Ol Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen “Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň” iki jiltlik ýygyndysynyň sowgat hökmünde gelip gowuşmagyna bagyşlandy. Bu çärä Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ýolbaşçylary we alymlary, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda medeni-ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän daşary syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam etdi.

Türkmenistan — Eýran: medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak ýoly bilen

Aşgabat, 20-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda dabaraly maslahat geçirildi. Ol Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen “Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň” iki jiltlik ýygyndysynyň sowgat hökmünde gelip gowuşmagyna bagyşlandy. Bu çärä Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ýolbaşçylary we alymlary, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda medeni-ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän daşary syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam etdi.

«Sungatda serhet bolmaýar»

«Ekspo — 2025» — geljegiň mümkinçilikleri

Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksatlarynda ýurdumyzda uly işler geçirilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylda geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada «Belli» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu işler 2025-nji ýylda geçiriljek Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. 2025-nji ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu halkara forum «Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris» diýen şygar bilen guralar. Türkmenistanyň milli pawilýonyny «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» atly bölümde ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. EKSPO sergisine gatnaşmak ýurduň gazananlaryny, eksport kuwwatyny, tejribe alyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerini oňyn çözmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. EKSPO sergis

Durnukly ösüşiň bähbidine

Her bir döwlet öz geografik ýerleşişiniň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna milli ösüşi üpjün etmek üçin zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Dünýäniň ulag ulgamyna işjeň goşulmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyz iki yklymyň çatrygyndaky amatly çäkde ýerleşmek bilen, ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmegiň uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýar. Halkara tejribesiniň görkezişi ýaly, dünýä döwletleriniň ykdysadyýetiniň geljekki ösüşleriniň özeni sebit we halkara derejesinde deňiz-derýa, awtomobil, demir ýol we howa ulaglarynyň her biriniň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmaga şertleri döredýän sazlaşykly ulag ulgamynyň emele gelmegine bagly bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk barha giň gerime eýe bolýar. Bu hyzmatdaşlygyň esasy ugry hökmünde dünýä halklarynyň bähbidini araýan halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek meselesine möhüm orun degişlidir. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi, tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolmagy ulag ulgamyny ösdürmekde ägirt uly serişdeleriň goýberilmegine, öňdebaryjy tejribeleri ulanmak arkaly döwrebap ulag-magistral ý

Aşgabatda uglewodorod ýataklaryny işläp taýýarlamagyň ekologik meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 15-nji iýunynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary we ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol dünýäniň dürli ýurtlaryndan nebitgaz ulgamynyň esasy hünärmenlerini we bilermenlerini bir ýere jemledi. Forum «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Türkmen Forum» HJ we «Gaffney Cline» britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Oflaýn hem-de onlaýn görnüşlerde geçirilen maslahatyň işine dünýäniň 20 döwletinden 800-den gowrak wekiller gatnaşdy. Olaryň hatarynda «CNPC», «BP», «Exxon Mobil», «Petronas», «ADNOC», «Mitro International», «Buried Hill», NAPECO, «Dragon Oil», «ENI», «Lukoýl», ýaly milli we dünýä belli halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, Halkara energetika agentliginiň (IRENA), Global gaz merkeziniň, Gaz ugradýan ýurtlaryň forumynyň, Nebit inženerleri jemgyýetiniň, Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň we Aziýanyň Ösüş bankynyň, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary boldy.

Eýran we Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr söwdany artdyrmagy meýilleşdirýär

Eýranyň Söwda, senagat, magdan we oba hojalyk (ICCIMA) edarasynyň başlygy Golam-Huseýin Şafeý Özbegistana Eýran bilen söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ulag meselesini çözmegi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, ICCIMA-nyň başlygy özleriniň şu ýyl üçin esasy maksatlarynyň Eýran bilen Özbegistanyň arasyndaky häzirki söwda dolanyşygyny 400 million dollardan 1 milliard dollara çenli ýokarlandyrmakdygyny aýtdy.

Russiýa Gazagystandan Türkmenistana we Eýrana ýük otlularyny işe girizmäge taýýarlanýar

Russiýanyň Çelýabinsk oblastyndaky ýükleriň birleşdirilmegi bilen Gazagystandan Türkmenistana we Eýrana ýokary tizlikli ýük otlylaryny işe girizmek meseleleri maslahatlaşylýar diýip, sebitiň gubernatory Alekseý Teksler penşenbe güni Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda sebitiň maýa goýum mümkinçiliginiň tanyşdyrylyş dabarasynda mälim etdi. Bu barada TASS agentligi habar berdi. Alekseý Teksler Gazagystan bilen Russiýanyň bu sebitiniň arasyndaky serhediň Uralyň ähli senagaty üçin Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge iň gowy giriş-çykyş nokady boljakdygyny aýtdy.

Astrahan sebitinde daşaýjylar Türkmenbaşy porty bilen gämi gatnaw ýoluny açmaga taýýar

Astrahan gämi gatnaw kompaniýalary, Hazar deňzinde Astrahan bilen Türkmenbaşy türkmen portunyň arasynda gämi gatnaw ýolunyň döredilmegine gatnaşmaga taýýar. Sebitde floty gurmak mümkinçiliginiň bar diýip, Sankt- Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SPIEF) çäginde Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkin aýtdy diýip TASS habar berýär. Ýylyň başynda Astrakanda, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň wekilleriniň gatnaşmagynda Hazarda rus portlary bilen Türkmenbaşydaky türkmen portunyň arasynda yzygiderli gatnaw liniýalarynyň açylmagy barada gepleşikleriň geçirilendigi habar berildi. Deňiz gatnawynyň yzygiderliligi ähli gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüşine goşant goşjakdygy bellendi. Hazar deňziniň üsti bilen Russiýa barýan halkara multimodal geçelge Gyrgyzystanyň üsti bilen Özbegistanyň çäginden geçip, gury ýer bilen Türkmenbaşy deňzine çenli baryp deňiz arkaly rus portlaryna haryt daşamagy çaklanylýar.

Iwan KUZMIN: «Hoşboý ysly bugdaý çöregi — adamzadyň iň ajaýyp oýlap tapyşy»

9 — 16-njy iýunda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, «Semena» assosiasiýasynyň prezidenti Iwan Kuzmin ýurdumyzda saparda boldy. Alym 12-nji iýunda — Ylymlar gününde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem-de talyplary bilen duşuşdy. Myhman 14-nji iýunda Ahal welaýatyndaky «Bugdaýly tejribe-tohumçylyk» daýhan birleşiginde Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşdy. 15-nji iýunda bolsa ony hormatly Prezidentimiz kabul etdi. Biz hem onuň bilen Türkmenistana nobatdaky saparynyň jemleri, geçiren gepleşikleriniň netijeleri hakynda söhbetdeş bolduk. — Iwan Iwanowiç, Türkmenistana şu gezekki saparyňyz galla oragyna gabat geldi. Tohumçylykda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleriňiziň miweleriniň gözli şaýady bolduňyz, ol sizde nähili täsir galdyrdy?

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda maslahat geçirildi

16-njy iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen-gyrgyz söwda we telekeçilik ulgamynyň işewür wekilleriniň arasynda tegelek stol maslahaty geçirildi. Maslahata dokma senagaty, gurluşyk harytlary, azyk senagaty, IT tehnologiýasy, nebit-himiýa ýaly ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda iş alyp barýan 17 sany gyrgyz kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyk Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Gyrgyzystanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli maýa goýum komiteti tarapyndan guraldy. Türkmen tarapdan gurluşyk harytlary, ulag we logistika, azyk senagaty, dokma senagaty, IT tehnologiýasy pudaklarynda iş alyp barýan 40 sany kompaniýanyň we hususy telekeçiligiň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistan — Koreýa: ynanyşmak we netijeli hyzmatdaşlyk

12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tegi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat koreý tarapynyň özara hormat goýmak, ynanyşmak, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan däp bolan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalaryny beýan etdi. Şoňa görä-de, duşuşykda ikitaraplaýyn görnüşde we abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösüşe eýedigi nygtaldy. Mundan başga-da, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde köpugurly esasda ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi we üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi.

Bilelikdäki tagallalar, anyk netijeler

15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, «Semena» assosiasiýasynyň prezidenti Iwan Kuzmini kabul etdi. Myhman obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtady. Ol Ahal welaýatyndaky «Bugdaýly tejribe-tohumçylyk» daýhan birleşigine baryp görende bu özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna göz ýetirendigini aýtdy. Şoňa görä-de, duşuşygyň dowamynda degişli ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Türkmenistan — ÝHHG: oňyn hyzmatdaşlyk ilerledilýär

12-nji iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, döwletimiziň umumydünýä ösüşine oňyn täsiri bolan köpugurly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny esasy ugur edinýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissarlygynyň arasynda giň ugurlar, şol sanda ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýän syýasy, ykdysady, ekologiýa we beýleki ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.