Astrahan sebitinde daşaýjylar Türkmenbaşy porty bilen gämi gatnaw ýoluny açmaga taýýar

19 Iýun 2023
511

Astrahan gämi gatnaw kompaniýalary, Hazar deňzinde Astrahan bilen Türkmenbaşy türkmen portunyň arasynda gämi gatnaw ýolunyň döredilmegine gatnaşmaga taýýar. Sebitde floty gurmak mümkinçiliginiň bar diýip, Sankt- Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SPIEF) çäginde Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkin aýtdy diýip TASS habar berýär.

Ýylyň başynda Astrakanda, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň wekilleriniň gatnaşmagynda Hazarda rus portlary bilen Türkmenbaşydaky türkmen portunyň arasynda yzygiderli gatnaw liniýalarynyň açylmagy barada gepleşikleriň geçirilendigi habar berildi. Deňiz gatnawynyň yzygiderliligi ähli gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüşine goşant goşjakdygy bellendi. Hazar deňziniň üsti bilen Russiýa barýan halkara multimodal geçelge Gyrgyzystanyň üsti bilen Özbegistanyň çäginden geçip, gury ýer bilen Türkmenbaşy deňzine çenli baryp deňiz arkaly rus portlaryna haryt daşamagy çaklanylýar.