«Sungatda serhet bolmaýar»

21 Iýun 2023
768

Sungatyň terjime talap etmeýän dili bar. Sungat eserleri kim tarapyndan döredilendigine, haýsy dilde ýerine ýetirilendigine garamazdan, gözellige söýgi arkaly ynsan kalplaryny ýakynlaşdyrýar. «Suratkeşler eserini söýgi gözi bilen çekýärler, şoňa görä, olara söýginiň gözi bilenem baha bermeli» diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Düýn Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda guralan özboluşly sergi hem gözellige teşne ýürekli myhmanlaryň ençemesini bir ýere jemledi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Döwlet çeperçilik akademiýasy bilen bilelikde guran sergisinde bu ýokary okuw mekdebiniň türkmen we amerikan suratkeşleri üçin alyş-çalyş maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyza gelen meşhur suratkeş Eými Erikson bilen işleşen talyplarynyň eserleri görkezildi. Çeperçilik gözden geçirilişi akademiýanyň professor-mugallymlaryna we talyplaryna, ABŞ-nyň ilçihanasynyň hem-de beýleki ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň işgärlerine, köp sanly sungat muşdaklaryna açyk howada çekilen ajaýyp surat eserlerinden (plein air) lezzet almaga mümkinçilik berdi. Sungat medeni tapawutlyklary aradan aýryp, özara düşünişmegi ösdürmäge ýardam edýär. Şoňa görä-de, serginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili hanym Waýda Widugiris sungat ugurly alyşmalaryň hem-de hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýratyn nygtady.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Şamil ROZNAZAROW.