Iwan KUZMIN: «Hoşboý ysly bugdaý çöregi — adamzadyň iň ajaýyp oýlap tapyşy»

19 Iýun 2023
501

9 — 16-njy iýunda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, «Semena» assosiasiýasynyň prezidenti Iwan Kuzmin ýurdumyzda saparda boldy. Alym 12-nji iýunda — Ylymlar gününde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem-de talyplary bilen duşuşdy. Myhman 14-nji iýunda Ahal welaýatyndaky «Bugdaýly tejribe-tohumçylyk» daýhan birleşiginde Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşdy. 15-nji iýunda bolsa ony hormatly Prezidentimiz kabul etdi. Biz hem onuň bilen Türkmenistana nobatdaky saparynyň jemleri, geçiren gepleşikleriniň netijeleri hakynda söhbetdeş bolduk.

— Iwan Iwanowiç, Türkmenistana şu gezekki saparyňyz galla oragyna gabat geldi. Tohumçylykda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleriňiziň miweleriniň gözli şaýady bolduňyz, ol sizde nähili täsir galdyrdy?

Söhbetdeş bolan Rahmanberdi GÖKLEŇOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.