Türkmenistanyň ilçisi bilen Hytaý ulag-logistika işewürleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi

23 Iýun 2023
530

Türkmenistanyň HHR-daky ilçihanasynyň guramagynda we «Huahe International Business Consultancy» kompaniýasynyň ýardam bermeginde «Inhe Pekin» adwokat kompaniýasynda Türkmenistanyň ilçisiniň we hytaý ulag-logistika işewürleriniň arasynda iş duşuşygy we Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny mahabatlandyryş ýöriteleşdirilen çäresi geçirildi.

Duşuşyga «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ-nyň (TULM) Pekindäki wekilhanasynyň hem-de Hytaýyň ulag-logistika edaralarydyr kompaniýalarynyň, kommunikasiýa we ulag assosiasiýasynyň, Hytaý-ŞHG synag zolagynyň hem-de Hytaý demirýollary müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.