Bilelikdäki tagallalar, anyk netijeler

17 Iýun 2023
403

15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, «Semena» assosiasiýasynyň prezidenti Iwan Kuzmini kabul etdi.

Myhman obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtady. Ol Ahal welaýatyndaky «Bugdaýly tejribe-tohumçylyk» daýhan birleşigine baryp görende bu özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna göz ýetirendigini aýtdy. Şoňa görä-de, duşuşygyň dowamynda degişli ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

"Nesil".